Täjigistanda 'gyzlygyna ynanylmadyk' gelin öz janyna kast etdi

Rajabbi Hurşed (S) adamsy Zafar Pirow bilen

Ýaş täjik zenany öz janyna kast etdi weonuň adamsy, aýalyny şeýle ýagdaýa ýetirmekde aýyplanyp, türme tusssaglygy bilen ýüzbe-ýüz dur. Sebäbi onuň aýaly adamsy bilen arada öz gyzlygy üstünde turan dawadan soň özüni öldürdi.

Täjigistanyň Woseý etrap prokuraturasyndan Azatlyk radiosynyň Täjik gullugyna aýtmaklaryna görä, 18 ýaşyndaky Rajabbi Hurşediň adamsy Zafar Pirow tussag edilmedi, ondan diňe hiç ýere gitmezlik barada dilhaty alyndy. Eger-de Zafar Pirowyň günäsi subut edilse, oňa bäş ýyldan sekiz ýyla çenlitürme tussaglygy garaşýar.

Zafar Pirow Azatlyk radiosy bilen 7-nji iýulda bolan söhbetdeşlikde özüni günäli hasaplamaýandygyny we suduň adalatly geçmegine ymyt baglaýandygyny aýtdy.

“Menden prokuraturada diňe dogrymy aýtmagy talap etdiler. Men olara öz aýalymyň ikinji gezek öýlenmegine resmi rugsat bermegini talap etdim diýdim. Şol ýazgydaol toýdan öň gyz bolmandygyny hem boýun aldy. Men oňa atasy öýüne eltip gaýtjakdygymy aýdamda bolsa, ol sirke içip, hassahanada jan berdi” diýip, Zafar Pirow aýtdy.

Men onuň ölümini islemedim, emma onuň ene-atasynyň toýa harçlanan 13 müň somany puly yzyna bermeklerini welin isledim diýip, ol aýtdy.

Zafaryň sözlerine görä, ol aýaly özüni öldüreninden soň, wyždan azabyny çekýär. “Meniň aýalymda deri keseli bardy, emma men bu hakda hiç kime hiç zat aýtmadym. Men wyždan azabyny çekýärin” diýip, ol aýtdy.

Zafar aýalynyň gyz bolanlygyna şübheli bolandygyny we ony Duşenbägaýtadan synaga alyp gidendigini gürrüň berdi. Ekspertiza gelinligiň toýdan öň gyz bolandygynytassyk etdi diýip, ol boýun aldy. Emma ol Rajabbiniň gyz bolandygyna henize çenli hem ynanyp bilmeýändigini aýtdy.

Rajabbiniň ejesi Fazila Mirzoýewa gyzynyň gyzlygyna hiç hili şübhesiniň ýokdugyny aýdýar we ony töhmet, zorluk-sütem bilen öz janyna kast etmek derejesine ýetirdiler diýip ynanýar.

“Haçanda men onuň adamsynyň gyzymy Duşenbä gaýtadan testden geçirmäge äkidendigini eşidemde, men olara baryp, gyzymy alyp gaýtmak isleýändigimi aýtdym. Emma Zafaryň ejesi düşünişmezligiň aradan aýrylandygyny aýdyp, meni köşeşdirip goýberdi. Men onuň bilen iki gezek görüşdim, gyzym hiç bir şikaýat etmedi. Emma ol janyna kast etmeginiň öň ýanynda özüne töhmet atandyklaryny aýtdy” diýip, gyzyň ejesi gürrüň berdi.

Rajabbi Hurshed

Rajabbi Hurşed bilen Zafar Pirow toý gününde tanyş boldular. Olaryň arasyndaky gyzlyk dawasy ilkinji gije ýüze çykdy.

Rajabbiniň garyndaşlarynyň sözlerine görä, gyz toýdan öň gyzlyk synagyndan geçdi we onuň geçirilen genetiki synag barada hem, saglyk ýagdaýy hakynda-da dokumentleribar. Täjigistanda, täze düzgüne görä, nikalaşmak isleýänler öz saglyk ýagdaýlary hakynda sprawka almaly.

Emma Rajabbiniň toýdan öň gyz bolanlygynyň ikinji synagda-da subut bolandygyna garamazdan, ýaş maşgalanyň içindäki dawa-jenjel azalmaýar.

Netijede, Rajabbi 22-nji iýunda öz janyna kast etmek kararyna gelýär. Gelniň doganynyň YouTube-de çap eden wideosynda Rajabbi özüniň indi ýaşamak islemeýändigini, öz janyna kast etjekdigini aýdýar. Şol gije hem ol sirke içýär. Rajabbini keselhana ugradýarlar, emma wraçlar oňa kömek edip bilmeýär.