Aşgabat we Daşkent 'hyzmatdaşlygy giňeltmegi' maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow özbek kärdeşi Abdulaziz Kamilow bilen. Özbek DIM-niň websaýtynyň fotosuraty

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow 11-nji iýulda Daşkende iş saparynda bolup, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşik geçirdi diýip, özbek metbugaty habar berýär.

Gepleşikler wagtynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri we strategiki hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen hem-debilelikde durmuşa geçirip boljak perspektiwaly proýektleri kesgitlemek barada maslahatlaşyldy diýip, habarda aýdylýar.

Reşit Meredowyň Özbegistana sapary iki ýurduň arasynda özara döwlet serhedini kesgitlemek boýunça Aşgabatda geçiren nobatdaky maslahatynyň yz ýanyna gabat geldi. Mundan öň bu meseläniň Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 6-7-nji martda Türkmenistana eden ilkinji sapary mahalynda hem gün tertibine gelendigi, şondan bäri hem serhet barada ençeme maslahat edilendigi habar berildi.

Mundanam başga, özbek lideriniň Türkmenistana maý aýynda, iki ýarym aý içinde eden ikinji saparynda hem serhet, howpsuzlyk meseleleri gün tertibinde boldy. Sebäbi bu sapar Owganystanyň demirgazygynda, türkmen we özbek serhetlerine golaý ýerlerde howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşýan wagtyna gabat geldi.Bu saparlar iki ýurduň ilatynda garaşsyzlyk ýyllarynda juda kynlaşan gatnaşyk meselesiniň ahyry çözülmegine umyt döretdi, emma häzirlikçe garaşylan netijeler çykmaýar diýip, ýerli synçylar aýdýar.

Iki ýurduň resmi habar serişdelerinde iki goňşy ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyklarynyň gapdaly bilen ynsanperwer, medeni gatnaşyklaryň hem giňeldilýändigi bellenilýär. Emma muňa garamazdan, türkmen we özbek raýatlary arkaýynlykda barşyp-gelşip bilmeýär diýip, Daşkende ýaşaýan ýerli synçy, türkmen-özbek medeni gatnaşyklaryny ýakyndan synlaýan edebiýatçy Mäşerip Saparow Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Şol bilen bir wagtda ol Şawkat Mirziýoew prezident bolanyndan soň, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyk meselesinde täzelikleriň bardygyny, Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Kerimowyň ady Türkmenabatda bir köçä dakylsa, Magtymgulynyň adynyň Daşkentde bir köçä dakylandygyny belledi.

Saparow garaşsyzlykdan öňtürkmen edebiýatçylary bilen ýakyndan gatnaşandygyny ýatlap, soň asyrlarboýy goňşy ýaşan iki dogan halkyň aragatnaşygynyň beýle kynlaşdyrylmagynyň sebäbine hiç akyl ýetirip bilmeýändigini hem sözüne goşdy.

“Men indi kän ýyl bäri Daşkende gezip ýören türkmene duşamok” diýip, ol aýtdy. “Sowet döwründe “Tokmak”, “Sowet edebiýaty”, “Mugallymlar gazeti” ýaly neşirleri ýazylyp alyp bilýärdim, indi bu zatlar ýok diýip, Saparow gürrüň berdi.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky serhetaşyr gatnawyň barha beter çäklendirilmegi, ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ilkinji prezidentleriniň, Saparmyrat Nyýazow bilen Yslam Kerimowyň ozara oňuşmazlygy, haryt gaçakçylygynyň güýçlenmegi we soňra döwlet agdarylyşygy synanyşygynda aýyplanan ozalky wise-premýer Boris Şyhmyradowyň özbek resmileri bilen gatnaşyklary netijesinde şu günki ýagdaýyna geldi.

Goňşularyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagy serhediň iki gyrasynda ýaşaýan garyndaşlaryň özara gelim-gidiminde, şol sanda garyşyk nikaly maşgalalaryň durmuşyndauly kynçylyklary döretdi we käbir maşgalalaryň bozulmagyna alyp geldi diýip, ýerli çeşmeler habar berýär.

Mäşerip Saparow indi türkmen we özbek prezidentleriniň ýanynda oturan adamlaryň “mertlik edip, serhedi açmalydygyny” aýtdy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda 1621 kilometrlik umumy serhet bar. Iki ýurduň serhetýaka regionlarynyň ýaşaýjylaryna berlen ýeňillikli syýahat mümkinçilikleri 2013-nji ýylyň güýzünde ýatyryldy. Goňşy ýurda her aýda üç gün möhlet bilen wizasyz barmak mümkinçiliginiň şu ýylyň ýanwarynda gysga wagtlyk dikeldilendigi habar berildi.

TDH-nyň we Türkmenistanyň DIM-niň saýtlarynda wise-premýer Reşit Meredowyň Daşkende iş sapary barada maglumat berilmeýär.