Türkmen hökümeti ýene onlarça 'parahory ýüze çykardy’

Para

Türkmenistanda ýene jogapkär döwlet işgärleriniň gatnaşmagynda ýyllarboýy dowam eden giň ýaýrawly korrupsiýa faktlarynyň üsti açyldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda parahorluga hiç haçan orun bolmajagyny aýdyp, gurluşyk we binagärlik ministrini wezipesinden boşatdy.

Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky döwlet gullugynyň direktory Mämmethan Çakyýewiň sözlerine görä, soňky geçirilen barlaglar hem onlarça jogapkär işgäriň parahorluk bilen meşgullananyp gelendigini ýüze çykardy.

Maý aýynda korrupsiýa garşy yglan edilen kompaniýanyň çäginde döredilen täze guramanyň hasabatynda aýyplanýanlaryň bir ýa iki däl, ençeme jenaýatçylykly hereketi, ýyllap dowam eden we ýaýabaňlanan bikanun işleri, parahorluk faktlary barada tas jikme-jik maglumat berilýär.

Çakyýew “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň birnäçe sürüjisiniň, şol sanda konserniň başlygynyň orunbasary D.Gurbannepesowyň, gurluşyk boýunça baş hünärmen B.Magtymgulyýewiň jemi 11 müň 850 guty çilim we köp mukdarda nagt pul bilen saklanandygyny, D.Gurbannepesowyň ýanyndan gadagan edilen tramadol derman serişdesiniň hem tapylandygyny habar berdi.

Emma D.Gurbannepesow, Çakyýewiň tassyklamagyna görä, çilim we tramadol bilen çäklenmän, wezipesinden peýdalanyp, ýol gurýan taraplardan uly möçberde para hem alypdyr...

Wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplananlaryň ýene biri gurluşyk we binagärlik ministri Ç.Ataýew boldy.

Ol öz bile okan ýoldaşy R.Repbimowy wezipä çekmekde aýyplanýar. Netijede, Repbimow ministre arka diräp,hususy kärhanalardan köp mukdarda para alypdyr. Häzir bu iş boýunça jenaýat işi gozgalyp, derňew dowam edýär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ozalky jogapkär işgäri M.Gurbannyýazow hem, beýleki birnäçe resmi bilen bilelikde, hem köp mukdarda para almakda aýyplanýar.

Aşgabat şäheriniň Arçabil etrap häkimliginiň we Ýaşaýyş jaý ulanyş trestiniň käbir işgärleri bolsa, raýatlardan para alyp, Bagyrda bikanun jaý salynmagyna ýol bermekde aýyplanýar.

Maliýe ministrliginiň käbir barlagçylary bolsa, edara-kärhanalarda geçirýän barlaglarynda döwlete ýetirilen zyýany gizläp, onuň möçberini azaldyp, para almakda aýyplanýar.

Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ykdysady ösüş, seljeriş we çaklaýyş müdirliginiň baş hünärmeni bolan W.Akmyradow, Aşgabat şäheriniň Baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň Nyrh emele getiriş bölüminiň baş hünärmeni bolan B.Kössekow hem köp mukdarda para almakda aýyplanýar.

Bank ulgamy boýunça geçirilen derňewler bir topar parahorluk faktyny ýüze çykarydyr. TDH jenaýatçylykly hereketlere baş goşan bank işgärleriniň azatlykdan mahrum edilendigini habar berýär.

Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky döwlet gullugynyň başlygynyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde beren hasabatynda başga-da onlarça korrupsiýa fakty getirilýär. Ýöne bu gezek, öňki gezekkiden tapawutlylykda, jenaýatda aýyplanýanlar elleri gandally, özlerini ýazgarýan görnüşde telewideniýede görkezilmedi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu hasabaty diňläp, korrupsiýa garşy berk göreşmek barada ozalam ençeme gezek beren wadasyny gaýtalady hem-de gurluşyk we binagärlik ministri Ç.Ataýewi wezipesinden boşatdy. Ol “işde düýpli kemçilik goýbermekde” we “ýolbaşçy hökmünde özüni abraýdan düşürmekde” aýyplanýar.

Mundanam başga, prezident Berdimuhamedow korrupsiýanyň has giň ýaýran pudagy bolup görünýän bank ulgamynyň ýolbaşçylaryna käýinç berdi.

Halkara guramalarynyň ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistan dünýäniň iň bir korrumpirlenen ýurtlarynyň arasynda getiirlýär.