Aşgabat dilde aýal hukuklaryny goldaýar, hukuk goraýjylar işe geçmäge çagyrýar

Aşgabat aerportynda myhman garşylaýan gyzlar

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary geňeşiniň Ženewadaky 35-nji sessiýasynda aýallaryň hukuklary boýunça kabul eden kararlarynyň birnäçesiniň egindeş awtory boldy.

Hukuk goraýjylar Türkmenistanyň aýallaryň hukuklarynyň goragyny üpjün etmek meselesini gozgamagyna şat boladyklaryny, sebäbi bu meseläniň ýurt üçin örän wajypdygyny belleýärler.

Türkmen DIM-niň websaýtynda aýdylmagyna görä,6-23-nji iýun aralygynda geçirilen sessiýa netijesinde gatnaşyjy döwletler tarapyndan birnäçe dokument, şol sanda Aziýa we Ýuwaş okean sebitiniň ýurtlarynyň toparynyň adyndan “Aýallara we gyzlara garşy edilen zorluklaryň bahasy” atly bilelikdäki beýannama, Baş Assambleýanyň “Her bir gyzyň bilim almak hukugynyň deňligi” atly karary kabul edildi.

Türkmen DIM-i bu habary hökümetiň adam hukuklarynyň goragyny üpjün etmek, şol sanda gender deňligi babatda alyp barýan işleriniň dowamy hökmünde düşündirýär. Emma hukuk goraýjy aktiwistler, şol sanda adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin Türkmenistanyň dilde, kagyz ýüzünde bir zat, iş ýüzünde başga zat edýändigini aýdýarlar.

Mysal üçin, halkara hukuk toparlary raýat žurnalisti Ogulsapar Myradowanyň türkmen türmesindäki ölüminiň sebäpleriniň doly we bitarap derňelmegine, jogapkär adamlardan hasap soralmagyna çagyrdylar. Garyndaşlary onuň jesedindezorluk yzlarynyň bolandygyny aýdypdylar.

2008-nji ýylda Azatlyk radiosyna interwiýu beren Aýjemal Berdiýewa hem, halkara hukuk toparlarynyň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda repressiýa uçrady. Aýjemal şol interwýularynyň birinde özüniň gynalandygyny hem gürrüň beripdi.

Hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň aýal-gyzlaryň hukuklary meselesini gozgamagyna prinsipde hoşal bolandygyny, sebäbi aýallara garşy zorlugyň, umuman aýal-gyzlaryň hukuklarynyň bozulmagynyň ýurt möçberinde örän aktual bolup durýandygyny aýtdy.

“Biz bu barada öňden hem aýdyp gelýäris we belki şu ýerde Umyda Jumabaýewany ýatlatmalydyrys, onuň ýüzüne kislota sepdiler, emma ne derňew bar, ne-beýleki, ýagny günäkärler şindem jezalandyrylanok” diýip, Tuhbatullin aýtdy.

Şeýle-de Tuhbatullin Aşgabatda geçiriljek Aziada bilen baglanyşykly çagaly-çugaly aýallaryň jaýlarynyň ýykylmagyny, olaryň hakykatda jaýsyz diýen ýaly galdyrylmagyny hem aýallaryň garşysyna zorluk hökmünde häsiýetlendirýär.

Mundanam başga, Türkmenistanda aýallaryň ýurtdan çykmagyna dürli bahanalar esaslanýan çäklendirmeler girizilýär, aýal-gyzlar sürüjilik şahadatnamalaryny alyp bilenok, eger-de türkmen hökümeti bu ugurda işleşmek islese, biz adam atlaryny getirip, häkimiýetleriň özüniň sebäp bolýan hukuk bozmalary babatynda gaty kän mysal getirip biljek diýip, Tuhbatullin Azatlyk radiosyna aýtdy.

Şeýle-de hukuk goraýjy türkmen häkimiýetleriniň etnigara nikalar esasynda maşgala guran aýallary kyn ýagdaýa salýandygyny,aýdaly, türkmenistanla durmuşa çykan gelinleriň özne, çagasyna dokument alyp bilmän ýurtdan çykarylan halatlarynyň hem bolandygyny,tükiýeli, russiýaly ýa eýranly raýatlara durmuşa çykan gyzlaryň hem ýa türkmen raýatlygyndan el çekmeli, ýa maşgalasyny bozmaly bolýandygyny, bu ýagdaýyň häkimiýetler tarapyndan döredilen emeli kynçylykdygyny belledi.

Ýerli synçylar Türkmenistanda aýal-gyzlaryň agyr howa şertlerinde meýdan işlerinde, şeýle-de köçe süpürmekýaly az gazançly, zähmeti kän işlerde köp ulanylýandygyny, bu işlerde işleýän adamlaryň saglykly, ine-gana naharlanyp, wagtynda dynç alyp, saglyklaryna hem seretdirip bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Mundanam başga, ýerli synçylar aýal-gyzlaryň häkimiýetler tarapyndan gurnalýan köpçülik çärelerine, ýowarlara hem köp gatnaşdyrylýandygyny, munuň köplenç olaryň islegi, meýletinlik esasynda däl-de, mejbury zähmet bolup çykýandygynybelleýärler.