Stambul: Türkmenler paç tölemekden boýun towlan ildeşini öldürdiler

Illýustrasiýa

Stambulda paç tölemekden boýun towlan, öz türkmenistanky raýatyny öldürip, bir hassahananyň bagyna taşlap giden iki türkmenistanly raýat tussag edildi.

Türkiýäniň "Hürriýet" gazetinde çykan habarda aýdylşyna görä, 37 ýaşyndaky Merdan Turgaýew Stambulyň Fatih etrabyndaky bir restoranda işlemäge başlapdyr. Edil özi ýaly Türkmenistandan Stambula işlemäge gelen 19 ýaşyndaky türkmen migranty Hakim Hamraýew bilen bir hususy türk uniwersitetinde okaýan 23 ýaşyndaky türkmen studenti Haşimjan Rustamow, öňe sürlüşine görä, tanyş gyzlaryna lak atany üçin, Turgaýewiň paç tölemegini talap edipdirler.

Türkmenistanly migrant Merdan Turgaýew özüniň gyzlara lak atmandygyny aýan edip, paç tölemekden boýun towlaýar. Geçen şenbe güni, ýagny 30-njy iýunda gije sagat 20:35 töwereginde türkmen migranty Hakim Hamraýew, student Haşimjan Rustamow bilen ýene bir adam – 3 kişi bolup, Merdan Turgaýewiň işleýän restoranyna barýarlar. Olar restoranda Turgaýew bilen dawa-jenjele başlaýarlar.

Dawa-jenjeliň yzy urşa ýazandan soň, ol üçüsi Merdan Turgaýewi zor bilen bir awtoulaga mündürip, zamun alyp, başga bir ýere äkidýärler.

Wakadan 10 minut geçensoň, olar migrant Merdan Turgaýewi ýene şol awtoulag bilen Stambulyň Jerrahpaşa medisina fakultetiniň hassahanasynyň bagyna getirip, ulag bilen bilelikde goýup gidýärler. Türkmen migranty Merdan Turgaýew kellesinden atylany üçin, agyr ýaralanypdyr.

Hassahanany garawullaýan türk polisi taşlanyp giden awtoulagyň içinde agyr ýaraly ýatan türkmen migranty Merdan Turgaýewi tötänlikde görýär. Ondan soň gyssagly hassahanada bejergi astyna alnan Merdan Turgaýew kellesindäki gülläniň ýetiren zeperi sebäpli, halas edilip bilinmän, aradan çykýar.

Stambul polisiniň içerki howpsuzlyk edarasynyň jenaýata garşy göreş bölümi bilen Fatih etrabynyň jenaýaty gözläp-agtaryş býurosynyň işgärleri jenaýaty anyklamak üçin herekede geçýärler. Jenaýaty gözläp-agtaryş işi çäginde ähli wideo kameralaryň düşüren wideoşekilleri barlanýar. Wideoşekillerde Merdan Turgaýewi zor bilen awtoulaga mündürip, zamun alyp giden türkmenistanly migrant Hakim Hemraýew bilen türkmen studenti Haşimjan Rustamowyň kimdigi dessine anyklanýar.

Wideoşekillerde Merdan Turgaýewi hassahana ulag bilen türkmen studenti Rustamowyň getirip, taşlap gidendigi kesgitlenýär. Ele geçirilen delilnamalar esasynda, türk polisiniň geçiren operasiýasynda iki türkmen raýaty hem tussag edilýär.

Polis çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, tussag edilen iki türkmen raýaty geçirilen deslapky soragda bar bolan delilnamalara garamazdan, jenaýaty boýun almandyr. Muňa garamazdan, türkmen migranty Merdan Turgaýewi öldürmekde güman edilýän iki türkmenistanly tussag edilipdir.

Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde tutulmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan, Türkiýede işläp ýören birnäçe türkmen zähmet migrantynyň aýtmagyna görä, häzir Stambulda türkmen migrantlardan emele gelen birnäçe guramaçylykly jenaýat toparlary hereket edýärler. Türkmenistanlylardan emele gelen guramaçylykly jenaýat toparlary öz raýatlarynyň zähmet haklaryndan yzygiderli özleri üçin paç tölenmegini talap edýärler we köplenç türkmen migrantlaryň pasportyny zor bilen alyp, soň onuň öwezine pul soraýarlar ýa-da özlerine ýaranlyk edýän käbir türkmen gelin-gyzlaryň üsti bilen olary aldawa düşürýärler.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň döwlet kontrollygyndaky metbugatynda, türkmen migrantlary barasynda hiç hili maglumat berilmeýär. Migrantlaryň berýän maglumatlaryndan çen tutulsa, Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy hem bu ýurtda türkmen migrantlarynyň bardygyny kabul etmeýär we olara "ýöne gezmäge gelen türkmen turistleri" görnüşinde baha berýär.