Putiniň Türkmenistana gelmegine taýýarlyk görülýär

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistana etmeli sapary bilen baglylykda, taýýarlyklar alnyp barylýar diýip, “Ria Nowosti” habarlar gullugy rus prezidentiniň metbugat wekili Dmitriý Peskowa salgylanyp maglumat berýär.

Emma bu saparyň takyk wagty barada, häzirlikçe hiç zat aýdylmaýar.

Rus habar agentliginiň maglumatynda Peskowyň: “Sapara taýýarlyk görülýär. Wagty barada ýene habar bereris” diýen sözleri getirilýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, Putiniň Türkmenistana sapar etjekdigi baradaky habar bilen birlikde, penşenbe güni rus prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly gürleşip, ony doglan güni bilen gutlapdy.

Şonda rus prezidenti, “iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy berkitmäge goşan goşandy üçin” diýen kesgitleme bilen, Berdimuhamedowy Russiýanyň Aleksandr Newskiý ordeni bilen hem sylaglady.

Türkmen metbugatyndaky maglumatda, iki prezidentiň arasyndaky 29-njy iýunda bolan gepleşiklerde, Berdimuhamedowyň Putini Aşgabatda geçjek “Aziada-2017” oýunlaryna çagyrandygy nygtalýar.

Şol bir wagtda, Putiniň “taýýarlyk görýän saparynyň” 17-27-nji sentýabr aralygynda geçjek bu oýunlara gabatlanyp-gabatlanmaýandygy hem näbelli bolmagyna galýar.

Gepiň gerdişine görä bellesek, Putiniň Türkmenistana etjek sapary, onuň dowamynda ara alnyp maslahat etiljek meseleler bilen baglylykda, ne Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, ne-de resmi mediasynda maglumat bar.

Emma ekspertler häzir Türkmenistanyň gazyň bahasynyň gaçmagy we eksport ugurlaryny ýitirmegi sebäpli, agyr ykdysady kynçylyklary çekýändigine ünsi çekip, Russiýa bilen has köp ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge we türkmen gazyny ýaňadandan Russiýa eksport edip başlamagy maksat edinýändigini çaklaýarlar.

Ýatlatsak, Russiýa – import edýän türkmen gazynyň bahasy üstünde dörän ylalaşmazlyklar sebäpli, geçen ýylyň başyndan bäri Türkmenistandan gazy satyn almagyny togtadypdy.

Bu aralykda, Russiýanyň syýasy barlaglar institutynyň analitigi Aždar Gurdow Aşgabadyň göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygynyň Kremli az gyzyklandyrjakdygyny aýdýar.

“Bu [hyzmatdaşlyk] Russiýa gerekmi? Ol häzir öz gazyny Ýewropa akdyrmakda kynçylyk çekýär. Russiýanyň alýan türkmen gazy, adatça, Ukraina akdyrylýardy. Häzir Moskwanyň bu mümkinçiligi hem ýok” diýip, Gurdow aýtdy.

Bu aralykda, Gurdow Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän sebitlerindäki dartgynly howpsuzlyk ýagdaýlaryna ünsi çekip, Moskwanyň bu ugurda öz bähbitlerini öňe sürüp biljekdigini gürrüň berdi.

“[Türkmen-owgan serhedinde] konflikt ýüze çykaýsa, Türkmenistana harby hemaýat gerek bolar. Bu hökmany üçünji bir ýurduň harbylarynyň konflikte goşulmagyny aňlatman hem biler. Belki-de, bu diňe rus ýaraglarynyň söwdasy bilen çäklener” diýip, Russiýanyň syýasy barlaglar institutynyň analitigi Aždar Gurdow pikirini jemledi.

Galyberse-de, Berdimuhamedowyň doglan gününde, türkmen prezidentiniň we rus hökümetiniň ýolbaşçysy Dmitriý Medwedewiň arasynda-da telefon söhbetdeşligi boldy. Şonda Berdimuhamedow Medwedewi hem “Aziada-2017” oýunlaryna gatnaşmaga çagyrypdyr. Emma rus resmisiniň Türkmenistana sapary bilen baglylykda nähilidir bir taýýarlygyň görlüp-görülmeýändigi dogrusynda hiç zat aýdylmaýar.

Mundanam başga, 29-njy iýunda, Berdimuhamedowyň doglan gününe gabatlap, Türkmenistana Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanowyň hem resmi sapar bilen gelendigini ýatladýarys.

Gepleşikleriň dowamynda ýangyç-energetiki komplekse, söwda-ykdysady pudaga, oba-hojalyga, syýahatçylyga aýratyn ünsüň berlendigi aýdylyp, Türkmenistan bilen rus regionynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak mümkinçiliklerine hem garalandygy habar berildi.

Rus we türkmen prezidentleri soňky gezek 2016-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Soçide duşuşypdy.

Putin prezident wezipesinde Türkmenistana soňky gezek 2012-nji ýylyň dekabrynda sapar edipdi.