"Bu masgaraçylykdan el çekiň, hormatly Arkadag!"

Köpçülikleýin çärä gatnaşýan türkmen studentleri. Arhiwden alnan surat

Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow,

Men türkmen ÝOJ-larynyň biriniň ozalky studenti we häzir daşary ýurtda işleýärin hem siziň ünsüňizi studentleriň ogurlanýan wagty baradaky meselä çekmek isleýärin. Dogrymy aýtsam, bilen okan gyzlarymyz bilen skaýpda-beýlekide gürleşemizde, özümizi resmiler bilen duşuşyga, çärelere taýýarlaýyşlary, eşiden käýinçli sözlerimizi ýatlap, şeýle agyr psihiki horluga nädip çydanymyza haýran galýarys.

Her sagady gyzyldan gymmat bolmaly studentler diňe prezidentiň gatnaşýan dabaralaryna däl, has kiçi dabaralara hem ýörite taýýarlanylýar we muňa köp wagt gidýär. Mysal üçin, eger rektor aktlar zalynda ýygnak edýän bolsa, dekan ýa ýene biri studentleri 30-40 minutlap şol ýygnaga taýýarlaýar. Aýdaly, rektor zala girende hemmeler birden nädip ýerinden turmaly, nädip şadyýan we gürrüldili çapak çarpmaly...

“Bir, iki, üç, hop, ýeriňizden turuň, çapak çalyp başlaň!” diýen buýruk meniň gulagymda henizem ýaňlanyp duran ýaly. Sebäbi biz şol 30-40 minutda şol bir hereketi, tarsa turmagy we beýlekileri onlarça gezek gaýtalap, halys bolýardyk. Ýöne bu-da bary däl. Dekan bize “el çarpyşyňyzdan, ýüzüňiziň gülşünden rektory görmäge nähili şatdygyňyz görünsin, ýylgyryň, 32 dişiňiziň hemmesi görünsin, erniňiz gulagyňyza ýetsin” diýip tekrarlaýardy.

Studentleriň iň agyr görýän zady şu hili kemsidiji repetisiýalardy, emma olar okuwdan çykarylmakdan gorkup, seslerini çykaryp bilenokdylar.

Ýadymda, bir gezek gyzlaryň biri ýadap, ýüzüni çytdy we ýerinden haýalrak galdy. Dekan ony görüp, hemmeleriň öňüne çykardy-da, “sen näme döwletiň alyp barýan syýasatyna garşymy? Haramzadanyň çagasy, haramöleniň gyzy, utanmadyň-nätdiň?” diýip, ýüzüni sallap, titräp duran gyza agzyna gelenini aýdyp gygyrdy.

Studentlik ýyllarymda başdan geçiren zatlaryma esaslanyp türkmen studentleriniň okuw döwründe diňe sessiz tabynlygy, ýokardan näme diýilse kaýyllygy hem-de öz içki pikirini öldürmegi öwrenýändigini açyk aýdyp biljek. Diňe repetisiýa wagtynda däl, öz ynanyşýan joralaryň ýanynda hem hakyky edýän pikiriňi aýtmakdan çekinýärsiň.

Prezidentiň gatnaşýan çäresine taýýarlyk birnäçe aý öňünden başlanýar we bir gezek, tomsuň yssy güni, çaý-suw ýok, nahar ýok, sagatlap jokrama yssyda aýak üstünde durmaly bolduk. Bu ýagdaý käte 3-4, 5 sagada hem çekýärdi we men bir gezek arakesmede golaýdaky bagyň aşagynda dynç aljak boldum. Emma derrew gykylyk eşitdim, ilden üýtgeşik boljak bolmakda aýyplandym we ýene günüň aşagyna dolanyp geldim.

Soň bir gezek “Şu zatlar bize nämä gerek? Oňa derek kitaphanada oturyp, kitap okasak bolmaýamy?” diýdim. Şuňa meňzeş zatlary başga gyzlar hem aýtdy. Emma bu hili sözler derrew dekana ýa mugallymlara baryp ýetýär. Şondan soň meni dekan çagyryp: “Sen şeý diýýäňmi, döwletiň syýasatyna ters gelýän zatlary diýjek bolýaňmy, garşy çykjak bolýaňmy? Diliňi keseris seniň! Okuwa girmäkäň şu zatlaryň bardygyny bileňokmydyň?” diýip haýbat atdy. Eger seniň aýdan sözleriň gowurak mugallyma baryp ýetse, ol ýuwaşlykdan “häzir bol, indi beýle zady diliňe alma, özüňe problema döretme” diýip tabşyrýar. Onsoň her kim dymmaly bolýar.

Indi men we meniň käbir kursdaşlarym daşary ýurtda we şol gören görgülerimizi ýatlap, olara diňe bir söz – “masgaraçylyk” diýen söz bilen baha berýäris. Ýöne bu diňe biziň masgaraçylygymyz däl. Biziň hökümet resmilerimiz şol çäreler, repetisiýalar, ýasama bagtyýarlyk sahnalary bilen hem özlerini, hem ýurdy dünýä masgara edýärler. Bu masgaraçylykdan el çekiň, hormatly Arkadag!

Hormat bilen, öňki türkmen studenti.

Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär. Onda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.