Türkmenistan goňşulykdaky urşy agzaman, howpsuzlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirýär. 2014 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji iýunda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi we bu maslahat demirgazyk Owganystanyň Jowuzjan welaýatynda “Yslam” döwleti” toparynyň söweşijileri bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky söweşleriň örän güýçlenen wagtyna gabat geldi.

Metbugat habarlaryndan mälim bolşuna görä, “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri türkmen serhediniň alkymynda ilkinji gezek bir etrabyň merkezini ele geçirýärler. Emma türkmen mediasynda bu barada hiç bir maglumat berilmeýär.

TDH mejlisiň gün tertibine “harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeler hem-de bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi” diýse-de, habaryň dowamynda bu meseleler soň asla agzalmaýar.

Bellemeli ýeri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bu gezekki mejlisi türkmen-owgan serhedinde dartgynlaşan howpsuzlyk ýagdaýyndan başga,13-nji iýunda Aşgabatda BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli dialogyň hem yz ýanyna gabat geldi.

Bu maslahat BMG-nyň terrorçylyga garşy göreş boýunça global strategiýasynyň Merkezi Aziýada durmuşa geçirilişine bagyşlandy we oňa türkmenler bilen bir hatarda gazak, gyrgyz, täjik, özbek howpsuzlyk resmileri hem gatnaşdy.

BMG-nyň Baş sekretary A.Guterriş 13-nji iýunda goňşy Owganystandaky konfliktleriň terrorizm we ekstremizm meselesinde barha artdyrýan regional howpuna ünsi çekipdi, emma resmi Aşgabat mundan has öň howpsuzlyk çärelerini güýçlendirip başlady.

Azatlyk radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesiniň beren maglumatyna görä, bu çäreler Ankaradan türkmen topragynda “Yslam döwleti” toparynyň usulyndaky terror aktlarynyň gurnalmak ähtimallygy barada berlen aňtaw maglumatlary bilen bagly. Ynamdar çeşmäniň tassyklamagyna görä, maý aýynyň başynda Türkiýe Türkmenistana dört sany türkmen raýatyny ekstradisiýa edýär, olar YD bilen ilteşiklilikde güman edilip tutulypdyr.

Şondan soň türkmen häkimiýetleri Ýakyn Gündogar ýurtlaryna syýahat etmekçi bolýan ýaş adamlaryň hereketine kontrollygy güýçlendirýärler we maý aýynyň aýagynda Stambula, Dubaýa barýan ýaş adamlary uçardan alyp galyp başlaýarlar. Bu barada Azatlyga ýolagçylar habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri mundan öňki ýyllarda hem berk döwlet kontrollygyndan daşardaky dini akymlara ýowuz daraşmakda, dindarlary ýeterlik subutnama bolmazdan türme tussaglygyna höküm etmekde tankytlanýardy.

Emma ýerli synçylar soňky aýlarda türk oppozisioneri Fethulla Güleniň hereketi bilen ilteşiklilikde güman edilen adamlara daralyşynyň has-da ýowuz bolandygyny aýdýarlar. Azatlygyň bu temadan çap edýän makalalaryna lakama bukulyp teswir, pikir ýazýan okyjylar adamlaryň urlup-ýenjilip, etmedik işini boýun almaga mejbur edilendigini tassyk edýärler.

Metbugat habarlaryndan mälim bolşuna görä, Yrakda we Siriýada “Yslam döwleti” toparynyň hataryna goşulýan türkmenistanlylar hem bar, emma resmi Aşgabat bu habarlary ne inkär edýär, ne-de tassyklaýar. Şol bir wagtda synçylar Türkmenistandaky işsizligiň we beýleki sosial problemalaryň terrorizme we ekstremizme esas döredýändigini belleýärler.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Aşgabatda ýokary derejede geçirilen dialogda terrorizmiň öňüni almak çäreleriniň “diňe güýçli däl, eýsem akylly bolmalydygyny” öňe sürdi.

“Adam hukuklaryny çäklendirýän syýasat ahyr netijede dini we etniki jemagatlary diňe kesekileşdirýär” diýmek bilen, Guterriş terrorizme garşy göreşiň adam hukuklaryny goramaga, adamlaryň pikirlerini, şol sanda tankydy garaýyşlaryny sylamaga daýanmalydygyny aýtdy.

Baş sekretaryň ynanjyna görä, terrorizmiň öňüni jemgyýetiň sosial jebisligini berkitmek, ýurduň ähli raýatlarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak arkaly almak mümkin bolar.