Aşgabat: "Garaşsyzlyk" seýilgähiniň suw çüwdürimleri işlemeýär

'Garaşsyzlygyň' suw çüwdürimleri işlemeýär

Aşgabat şäheriniň günortasynda gurlan "Garaşsyzlyk" seýilgähiniň içinde onlarça suw çüwdürimleri ýerleşdirilen bolsa-da, olaryň aglaba köpüsi işlemeýär.

Aşgabadyň günorta bölegini tutýan we Nurmuhammet Andalyp köçesiniň ugrunda gurlan “elita” diýlip atlandyrylýan jaýlaryň biriniň ýaşaýjysy 70 ýaşly pensioner Hemra aganyň aýtmagyna görä, "Garaşsyzlyk" seýilgähinde gurlan bu uly göwrümli suw çüwdürimleriniň köpüsi eýýäm hatardan çykyp, oňa gözegçilik edilmänsoň, olaryň köpüsiniň ätiýaçlyk şaýlary poslaşyp, seýilgähe dynç almaga barýanlaryň keýpine “sogan dograýar”.

Içi gurap, ätiýaçlyk şaýlary poslaşyp duran bu suw çüwdürimleriniň içinde käte garagol çagalaryň “bukuldym” oýnaýandyklaryna hem gabat gelse bolýar. Bu bolsa çagalar üçin howatyrly bolany sebäpli, ene-atalar çagasyny bu seýilgähe ýeke özlerini goýbermezlige çalyşýarlar.

“Emma çaga, çaga bolýar. Olar ene-atanyň gözünden sypyp, ol ýa beýleki ýerlerini ýaralap gelýän halatlary hem az bolmaýar” diýip, Hemra aga aýdýar.

Türkmenistanyň yssy howa şertlerini göz öňünde tutup, şäheriň gyzgyn howasyny aramlaşdyrmak maksady bilen garaşsyzlyk ýyllarynda häkimiýetleriň Aşgabat şäheriniň ähli köçeleriniň ugrunda diýen ýaly ýüzlerçe suw çüwdürimlerini gurandyklaryny ýaşaýjylar belleýärler.

Olaryň köpüsi howanyň gyzgynlygyny peseltmäge ýardam bermek maksady bilen gurlan bolsa, käbirleri bolsa ýurdy mahabatlandyrmak maksady bilen gurlup, belent suw çüwdürimleriniň arasynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilenleriniň hem bardygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

Şeýle mahabatly suw çüwdürimleriniň gurulmagy bilen, 1995-nji ýyldan başlap, ozal şäher ilatyna agyz suwy üçin ulanylmaga berlen Ýanbaş çeşmesiniň arassa suwunyň kesilip, olary suw çüwdürimlerine akdyrlandygyny hem Hemra aga aýdýar.

“Ýanbaş suwyny içýän wagtymyz, häzirki ýaly keselçiligi duýmaýardyk. Indi bolsa Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň aglaba köpüsiniň böwreginde ýa öt haltasynda daş barlygy sebäpli hassahanalar hyryh-dykyn. Ilata agyz suwy diýip, kranlara goýberilýän suwuň hapalygyndan, porsylygyndan ýaňa ony içer ýaly däl. Gaplanyp satylýan arassa agyz suwuny satyn alyp içmäge bolsa, her bir hojalygyň gurby çatmaýar. Emma bu ýagdaýlary görüp dursalarda, degişli ýolbaşçylar, adamlaryň saglygy barada alada etmän, suw çüwdürimlerine bat berdiler. Şäherde işlemän duran suw çüwdürimlerini göreniňde bolsa, ne şäher hezil etdi, ne-de adamlar hezil etdi diýýärsiň” diýip, Hemra aga sözüniň üstüne goşýar.

Suw çüwdürimlerine gözegçilik edýän işgärleriň aýtmaklaryna görä, suw çüwdürimleriniň sany köp bolany üçin ählisini birbada işletmäge arassa suwuň ýetmezçiligi sebäp bolýar hem-de suw çüwdürimleriniň ätiýaçlyk şaýlary ýetmezçilik edýär. Şol sebäpli olary gezekleşdirip işletmeli bolýarys diýip, işgärler aýdýarlar.

Şol bir wagtda bolsa, tomsuň jöwzaly günleri salkynlamak üçin seýilgählere gezelenje çykýan Aşgabadyň ýaşaýjylary işlemän, gurap duran suw çüwdürimleriniň gapdalyndan başlaryny ýaýkap geçýärler.

“Işlemän duran suw çüwdürimleri seýilgähleriň içinde harabaçylygy ýadyňa salýar. Olar geregiçe gözegçilikde saklanmajak bolsa, ozal ýagdaýa görä planlaşdyrlyp gurlan bolsa bu halk üçinem, döwlet üçinem bähbit bolardy” diýip, ýaşaýjylar nygtaýarlar.