Türkmenistanyň prezidenti Aşgabadyň üstünden wertolýotly uçup, paýtagtda alnyp barylýan gurluşyk, hususan-da “Aziada-2017” oýunlaryna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.
Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabadyň üstünden amala aşyrýan şuňa meňzeş “tanyşlyk uçuşlarynyň” yz ýany paýtagtyň, şeýle-de onuň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyna täsir ýetirýän işlere badalga berilýärdi.
Bir tarapdan, “paýtagty abadanlaşdyrmak” işleri yglan edilip, onuň çäginde Aşgabatda we onuň eteginde, aglaba ýagdaýda degişli kompensasiýa berilmezden, on müňlerçe ýaşaýyş jaýy, jaýlara sepleşip duran goşmaça otaglar (‘pristroýkalar’) ýer-ýegsan edilen bolsa, beýleki tarapdan abat duran jemgyýetçilik maksatly binalar hem ýumruldy.
Mundanam başga, prezidentiň “tanyşlyk uçuşlarynda” berýän görkezmeleri bilen nä derejede baglydygy belli edilmese-de, bir pursatda Aşgabatda ençeme ýyllap oturan saýaly baglary çapmak, şeýle-de kommunal hojalyk gulluklarynyň öýsüz pişikleri awlap, rehimsizlik bilen öldürmek kampaniýalary başladylypdy.
Galyberse-de, soňky döwürde Aşgabatda birnäçe aý ozal abatlanan merkezi ýollaryň ýene-de ýapylyp, täzeden oňarylyp başlanmagy ýaly ýagdaýlara duş gelinse bolýar. Mysal üçin, mundan birnäçe aý ozal gurluşyk işleri tamamlanyp, uly dabara bilen ulanyşa berlen “Andalyp” köçesi şu hepdäniň başynda ýaňadandan petiklenip, täzeden asfaltlanyp başlandy.
Ýeri gelende bellesek, Berdimuhamedow penşenbe güni hem Aşgabadyň üstünden amala aşyran uçuşynyň dowamynda, paýtagtyň köçe-ýol ulgamyny abadanlaşdyrmak işine ‘jogapkärsizlik’ bilen çemeleşilendigini aýdyp, öz nägileligini bildirdi.
Munuň bilen baglylykda, döwlet mediasy prezidentiň beren anyk görkezmeleri barada hiç hili maglumat bermese-de, paýtagtlylar bular ýaly “belliklerden” soň, howatyra düşýändiklerini aýdýarlar.
“Onsuz hem paýtagtyň esasy köçeleri abatlaýyş işleri üçin häli-şindi ýapylyp dur. Ne bu, ne-de awtobuslaryň üýtgän ugurlary barada maglumat berilýär. Aýlaw ýollardan, gurluşygyň içinden geçip işe, barjak ýeriňe ep-esli giç galyp barmaly bolýarys. Indi [prezidentiň belliklerinden soň] başga ýollaryň petiklenmegi bilen hem garşylansak gerek” diýip, atlandyrylmasyzlygy soran paýtagtlylar Azatlygyň ýerli çeşmelerine gürrüň berdiler.
Bu aralykda, G.Berdimuhamedow 15-nji iýunda wertolýotda aýlanyp, paýtagtda alnyp barylýan işler bilen tanyşýan pursady, gurluşyk işlerinden soň galan zir-zibilleriň wagtynda aýrylmaýandygyndan hem nägile bolupdyr.
Azatlyk Radiosynyň ozalam habar berşi ýaly, ýerli resmileriň gurluşykdan soň galan hapadyr-taşlandylary arassalamak işlerine mugallymlary hem işinden boşadylyp, çeken halatlary bolupdy.
“Ýene-de ýowar yglan edip, ýörite sanaw düzüp, hapa-hupalary aýyrmaga, ot otamaga çykararlar. Ýa işiňden gitmeli, ýa-da ýene tomsuň jöwzasynda ‘beýniňi çogduryp’ işlemeli bolar” diýip, Aşgabadyň mekdepleriniň biriniň mugallymy aýdýar.
Galyberse-de, prezidentiň soňky “tanyşlyk uçuşynyň” netijeleri boýunça Aşgabatda – resmileriň öz sözi bilen aýdylanda ‘paýtagty mundan beýläk hem gözelleşdirmek we ýaşaýjylara amatlyklary döretmek’ maksatlarynyň çäginde – amal ediljek işler barada anyk maglumat berilmedi, bulary diňe wagt görkezer.