Bir türkmenistanly bolgariýaly gyzy öldürmekde aýyplanýar

Çemodanyň içine salnan jeset kölleriň biriniň düýbünden tapyldy.

Ukrainada türkmenistanly talyp bolgariýaly bir gyzyň rehimsizlik bilen öldürilmeginde aýyplanýar.

Ukrainanyň Prikarpatýe raýonunyň polisiýa bölümine 5-nji iýunda talyp Dişli Eli Ziýanyň 31-nji maý gijesinden bäri dereksiz ýitendigi dogrusynda maglumat gelip gowuşýar. 12-nji iýunda bolsa, 1993-nji ýylda doglan gyzyň parçalara bölünip, çemodanyň içine salnan jesedi golaýdaky kölleriň biriniň düýbünden tapylýar.

Ukrainanyň Iwano-Frankowskiý oblastynyň polisiýa bölüminiň degişli resmileriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, bu jenaýaty amala aşyrmakda şübhelenip, öldürilen gyz bilen bilelikde ýaşan, Türkmenistanyň raýaty saklanypdyr.

Ýerli polisiýa resmisi, şahsyýeti häzirlikçe gizlinlikde saklanýan 29 ýaşly türkmenistanla Ukrainanyň Jenaýat kodeksiniň 115-nji maddasynyň 1-nji bölümi, ýagny bilkastlaýyn adam öldürmek aýyplamasy bildirilipdir.

Iwano-Frankowskiý oblastynyň polisiýa bölüminiň ýaýradan beýanatynda nygtalyşy ýaly, geçirilen derňewleriň netijesinde, Dişli Eli Ziýanyň ýitirim bolan gijesi, onuň ýaşaýan ýerinde goh-galmagalyň, fiziki zorluga çalym edýän sesleriň hem eşidlendigi anyklanypdyr.

Jenaýatda aýyplanýan türkmenistanly polisiýa işgärlerine ödürilen gyzyň şol gije neşe serişdeleriniň täsirinde bolandygyny we özüni täsin alyp barandygyny gürrüň beripdir. Soragyň dowamynda, ol gijäni bile geçirendiklerini, emma ertesi güni gyzyň ýitirim bolandygyny aýdypdyr. Emma näme sebäpden bu barada polisiýa işgärlerine habar bermändigini düşündirip bilmändir.

Geçirilen derňewleriň netijesinde, ýitirim bolan gyzyň jesediniň Rogatinsk raýonynyň Switoç kölüne atylan bolmagynyň mümkindigi anyklanypdyr.

Suwwazlaryň gatnaşmagynda kölüň üç metrlik çuňlugyndan bir çemodan çykarylyp, onuň içindenem dereksiz ýiten gyzyň parçalanan jesedi çykaryldy. Jenaýatçy çemodanyň suwuň ýüzüne çykmazlygy üçin, onuň içine daşlary hem salypdyr.

Ekspertiza gyzyň ölüminiň kelle beýnisiniň çişmegi, gan akmagy, kelle çanagynyň döwülmegi netijesinde ýüze çykandygyny anyklapdyr. Bolgariýaly gyzyň mundanam başga eli we aýagy döwlüpdir.

Gyzy öldürmekde aýyplanan türkmenistanla ýöňkelýän aýyplama 7-15 ýyl aralygynda türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.

Ýokarky mesele boýunça, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasyndan kommentariý almak başartmady.