Berdimuhamedow daýhanlary 'monopoliýa gurban etdi'

Aşgabat, köçedäki gök bazary

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji iýunda geçiren iş maslahatynda gök, bakja we miwe ekinleriniň önümçiliginiň möçberlerini artdyrmaga, ýurduň bazarlarynda ýokumly önümleriň görnüşlerini giňeltmäge çagyrdy.

Ýerli synçylar bu çagyryşyň Türkmenistanda ozal tomus aýlarynda hiç wagt bolmadyk gök önüm gytçylygy bilen baglydygyny, 'daýhanlaryň döwlet tarapyndan goldanylýan Senagatçylar we telekiçiler birleşiginiň gurbany edilýändigini' aýdýarlar.

Prezident Berdimuhamedow geçen ýyl türkmen bazarlaryna daşary ýurtlardan getirilýän gök önümlere harçlanýan walýutanyň köpelmeginden nägileligini bildiripdi, şeýle-de welaýatlardan Aşgabada gök önüm getirip satmaklyga çäklendirme girizmek, muňa derek Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalaryna uly möçberde ýer bermek we uly ýyladyşhanalary gurmak teklibini orta atypdy.

Bu ýyladyşhanalar, prezidentiň pikirine görä, paýtagty we beýleki iri şäherleri gök, bakja we miwe önümleri doly üpjün edip, daşary ýurtlara hem önüm çykarmak kuwwatyna eýe bolmalydy.

Ýerli synçylar türkmen daýhanynyň Berdimuhamedowyň oba hojalyk syýasaty astynda diňe Sowet Soýuzynyň soňky ýyllaryndakydan däl, eýsem Nyýazow döwründäkiden hem berk çäklendirmelere salynýandygyny aýdýarlar.

Aýdaly, sowet döwründe türkmen daýhanynyň gök önümleri diňe Moskwa, Leningrad ýaly şäherlere däl, Uzak Gündogaryň şäherlerine hem eltilýärdi we hatda melleginde ekin ýetişdirýän ýekebara adamlaryň hem öz ekinini SSSR-iň çäginde has gowy pul ýasajak ýerlerine wagonlap çykarmaga haky bardy.

Emma garaşsyzlyk ýyllarynda bu ýagdaý kem-kemden üýtgedi we indi türkmen daýhanynyň bir welaýatda öndüren gök önümini başga welaýata, paýtagta getirip satmagy hem kynlaşdyrylýar diýip, ýerli synçylar, şol sanda ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Bu ýagdaý, häkimiýetler gönüläp aýtmasa-da, türkmen bazarynyň doly diýen ýaly importa garaşly bolmagyna alyp geldi.

“Satyjylar bilen gürrüňdeş bolsaň, olar Türkmenistanda önen diýip satýan soganlarynyň hem Gazagystandan getirilendigini boýun alýarlar” diýip, Bugaýew Azatlyk radiosyna aýtdy.

Synçynyň pikirçe, türkmen daýhanyna edilýän kömege garanda, onuň öňüne basylýan böwet has kän. Ol hususan-da daýhanlara kärendesine berlen ýerleriň, ýer ýer edilensoň, ellerinden alynmagynyň köp duşýandygyny aýdýar. Bugaýew bu sözüni Gyzylarbadyň Ala diýilýän ýerindeonlarça daýhanyň kärende ýeriniň alnyp, bir prokuratura işgärine berilmegi bilen delillendirdi.

Türkmenistanda ekerançylyk ýerleriniň daşyndaky korrupsiýa öňki prezident tarapyndan hem boýun alnypdy we bu ýagdaý gytaklaýyn häzirem tassyk edilýär. Emma indi synçylar daýhanyň şeýle kyn ýagdaýda ýetişdiren gök önüminiň Gökdepe, Bäherden, Kaka ýaly Aşgabada golaý etraplardan däl, paýtagty alkymlap oturan obalardan şäherlilere getirilmeginiň hem kynlaşdyrylýandygyny aýdýarlar.

Aýdaly, ozallar Aşgabada beýleki welaýatlardan, etraplardan we obalardan getirilen gök önümler irden bazarçylara lomaý satylardy we bu ýagdaý hem ekin ýetişdirijiler, hem alyp-satyjylar, hem-de şäherli alyjylar we paýtagtyň myhmanlary üçin amatlydy, önüm bolçulygy bahalaryň aşa gymmatlamagyna ýol bermeýärdi.

Emma indi synçylar, döwlet tarapyndan goldanylýan Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň monopoliýasynyň bazara ekin getirmegi hem diňe öz ygtyýaryna geçirendigini, şolardan ygtyýarsyz ekin getirmegiň juda kyndygyny gürrüň berýärler.

Bu ýagdaý bir tarapdan, bazarda nyrhlaryň ýokary galmagyna getirse, ikinji tarapdan, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň has täsirli agzalarynyň az zähmet bilen uly möçberde gazanç etmegine ýol açýar diýip, synçylar belleýär.

Ýene bir bellemeli ýagdaý, Aziada – 2017-niň geçjek wagtynyň golaýlamagy bilen, gök önümleriň iň ýetişýän wagty bolan iýul we awgust aýlarynda Aşgabada gök önüm getirýän maşynlaryň şäherden uzakda gurlan duralgalarda saklanjakdygy, bu çäräniň ýerli daýhanlara urlan ýene bir zarba boljakdygy aýdylýar.