“MTS-Türkmenistanyň” lisenziýasyny uzaltmak gepleşikleri "dowam edýär"

“MTS-Türkmenistanyň” Aşgabatdaky bölümleriniň biri. Arhiwden

“MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatorynyň ýurtda iş alyp barmak boýunça lisenziýanyň möhleti tamamlanyp barýar.

Ýatladyp geçsek, 2012-nji ýylda “MTS-Türkmenistan” hojalyk jemgyýeti bilen Türkmenistanyň döwlet kärhanasy bolan “TürkmenTelekomyň" arasynda 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekilip, şonda belli bir şertleriň ýerine ýetirilmegi bilen bu ylalaşygyň ýene 5 ýyla çenli uzadylyp bilinjekdigi aýdylypdy.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň MTS kärhanasynyň işgärleriniň birine salgylanyp berýän maglumatyna görä, maý aýynyň ortalaryndan bäri lisenziýanyň möhletini uzaltmak barada gepleşikler geçirilýär.

Neşir täze ylalaşygyň 1-nji iýula çenli baglaşylmasa, onda mobil operatorynyň lisenziýasynyň togtadyljakdygyna üns çekýär.

Ýatladyp geçsek, MTS kärhanasynyň mundan ozal-da Türkmenistanda lisenziýanyň möhleti uzaldylman togtadylypdy.

Russiýanyň MTS kompaniýasy 2010-njy ýylyň dekabr aýynda, Türkmenistanyň aragatnaşyk bazarynda ilaty mobil hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça 2005-nji ýyldan bäri amala aşyran işini durzupdy. Şol pursat, MTS bilen hyzmatdaşlygyny bes eden Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi öz kararyny MTS bilen şertnamasynyň möhletiniň dolmagy bilen düşündiripdi.

2011-nji ýylyň başynda MTS Türkmenistandan çekilmek bilen 600 million dollar zyýan çekýändigini, şeýle-de türkmen hökümetini suda berendigini yglan edipdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem öz gezeginde, MTS-iň ‘çekdi” diýýän zyýanynyň öwezini dolmajakdygyny aýdypdy.

Mundan soň, ýagny 2012-nji ýylyň iýulynda MTS özlerine Türkmenistanda işlemek üçin lisenziýa berlendigini aýtdy. Şonda MTS-iň Türkmenistandaky lisenziýasynyň togtadylmagy bilen bagly iki tarapyň kanuny şikaýatlarynyň hem ýatyrylandygy mälim edilipdi.

Şol pursat baglaşylan täze ylalaşykda, Türkmenistanda maliýe hasaplaşygynyň alnyp barlyşyna görä, “MTS-Türkmenistanyň", salgytlardan başga-da, “TürkmenTelekoma” her aýda arassa girdejisinden 30% serişde geçirmegi göz öňünde tutulypdy.

Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki çeşmesi häzir “MTS-Türkmenistan” operatoryna goşmaça salgydyň salynjak bolunýandygyny we bu boýunça gepleşikleriň alnyp barylýandygyny mälim etdi.

Emma bu maglumaty beýleki garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady. Şeýle-de, ýokardaky ýagdaý boýunça MTS kärhanasyndan häzirlikçe hiç hili kommentariý almak başartmady.

MTS mobil operatorynyň berýän resmi sanlaryna görä, 2015-nji ýylyň 3-nji çärýeginde onuň Türkmenistanda 1 million 610 müňe golaý müşderisi hasaba alnypdyr.