Türkiýede ten satmakda aýyplanýan türkmen zenany tutuldy

Illýustrasiýa

Türkiýäniň tanymal turizm şäheri Bodrumda ten söwdasy bilen meşgullanýan daşary ýurtly 6 zenan bilen olara araçylyk edip, pul gazanýandygy öňe sürülýän 2 türk raýaty polisiň gurnan operasiýasynda ele salyndy. Ten söwdasynda aýyplanýanlaryň biri hem türkmenistanly migrant zenan.

Bodrum etrap polisiniň işgärleri bir aý mundan owal dynç alyş üçin Bodruma gelen we soň ten söwdasy bilen meşgullanan Gyrgyzystanyň raýaty 3 zenany, Russiýanyň raýaty 2 zenany bilen Türkmenistanyň raýaty 1 zenany iki hepdeläp tehniki hem fiziki görnüşde yzarlaýar. Hünärleri çaga hekimi, kompýuter hünärmeni, şepagat uýasy we turizm ýolbeledi bolan ol daşary ýurtly zenanlaryň ten söwdasynyň iş gözläp ýörkä tanyşan 43 ýaşyndaky S.B. we 44 ýaşyndaky H.Ý. atly raýatlar tarapyndan gurnalandygy kesgitlenýär.

Ýeterlik delilnamalar jemlenenden soň operasiýa gurnan Bodrum polisi, ten söwdasyny edýän daşary ýurtly zenanlardan 2 sanysyny bir awtoulagyň içinde jynsy gatnaşykdaka, ýene 2 sanysyny hem ýönekeý geýimli polisler bilen ten söwdasyny edýän mahaly ele salýarlar. Polisler beýleki 2 daşary ýurtly zenany hem Bodrum şäheriniň Gümbet mähellesinde ýerleşýän bir myhmanhanada, ten söwdasyny gurnaýan S.B. we H.Ý. atly raýatlar bilen ele salýarlar.

29 ýaşyndaky turizm ýolbeledi, Russiýanyň raýaty N.W. polisdäki soragda: "Gaty gymmat myhmanhanalarda dynç aldyk we şonuň üçinem pulumyz derrew gutardy. Bodrumy gaty haladyk. Onsoň myhmanhanalarda özümize iş gözledik, ýöne gowy iş tapyp bilmedik. Onsoň şol iki adam bilen tanşyp, olaryň guramaçylygynda ten söwdasyna başladyk. Gazanjymyzyň ýarysyny ol guramaçylara berýärdik. Diňe iki hepdäniň dowamynda ten söwdasyndan 50 müň lira, ýagny 14 müň amerikan dollary möçberinde pul gazandyk. Iş tapyp, Türkiýede galmagy maksat edindik. Hiç kim bizi ten söwdasyna mejbur etmedi. Biz hem hiç kime zor bilen bu işi etdirmedik" diýip düşündiriş berýär.

Ten söwdasy bilen meşgullanan türkmenistanly zenan bilen beýleki daşary ýurtly zenanlar hem deport edilmegi üçin, Mugla welaýatynyň polis edarasynyň migrantlar bölümine tabşyryldy.

Ýatlap geçsek, ten söwdasy bilen meşgullanmakda aýyplanýan türkmen zenanlary barasynda türk mediasynda yzygiderli maglumatlar berilýär. Aprel aýynda, Bolu welaýatynyň polis gullugynyň ahlak bölüminiň işgärleri Bolu şäheriniň Tabaklar mähellesindäki bir öýe duýdansyz operasiýa gurnaýar. Öýde biri 22, beýlekisi bolsa 42 ýaşynda bolan iki türkmenistanly zenan bilen olaryň ten söwdasyny ýola goýup, gazanç etmekde aýyplanýan türk raýaty M.S. atly zenan ele salnypdy. Şeýle-de, Antaliýanyň Serik etrabynyň polisleriniň Kadriýe mähellesindäki bir myhmanhanada 150 türk lirasyna, ýagny 40 dollara tenini satýan daşary ýurtly zenanlary tutandygy we olaryň arasynda Jahan Hudaýberenowa atly bir türkmenistanly raýatyň hem bolandygy mälim edilipdi.