Haj zyýaratyna gitmek üçin tigirli ýola düşen 75 ýaşly özbegistanly ýaşuly Husan Hajybaýewiň Azatlyk Radiosynyň özbek gullugyna 9-njy iýunda habar bermegine görä, ol özbek-türkmen serhedindäki Farap barlag-geçiş nokadyna baranda, türkmen wizasy bolmansoň, serhetçileri ony serhetden geçirmändir.
Özbegistanyň Namangan welaýatynyň Çartak etrabynyň ýaşaýjysy Husan Hajybaýew iýun aýynyň başynda öz ýaşaýan ýerinden tigirli ýola çykyp, ýedi günüň dowamynda 1150 kilometr ýöräp, Türkmenistan bilen serhede bardy.
Emma 9-njy iýunda Özbegistanyň Buhara welaýatynyň we Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň arasyndan geçýän döwlet serhediniň “Farap” serhet geçelgesinde türkmen serhetçileri özbek pensioneriniň wizasy bolmansoň, ony Türkmenistana geçirmediler.
“Meni serhetden geçirmediler. Serhetçiler meni para bilen goýberip biljekdigini duýdurdylar. Emma olaryň sözlerine görä, Türkmenistana baramsoň, meni wizasyz bolanym üçin tutup, deportasiýa edip bilerdiler. Şonuň üçin indi men öz tigrimde yzyma dolanmaly bolaryn” diýip, özbegistanly pensioner Hajybaýew aýdýar.
Namanganly Husan Hajybaýew 2-nji iýunda ýola çykanda, 7-nji iýunda agşam ýa-da 8-nji iýunda daňdan Özbegistanyň Türkmenistan bilen serhedine ýetmegi planlaşdyrýandygyny aýdypdy. Emma Azatlyk Radiosy Özbegistandan Saud Arabystanyna tigirli haja gitmek üçin ýola düşen ýaşuly bilen söhbetdeş bolanda, onda syýahat etmek üçin Türkmenistanyň we Eýranyň wizalarynyň ýokdugy anyklandy. Hajybaýew öz elinde diňe “daşary ýurtlara gitmek üçin wizanyň” ýagny Özbegistanyň raýatlary üçin iki ýyl möhleti bilen göz öňünde tutulan çykyş wizasynyň bardygyny aýdypdy.
Pensioner Türkmenistanyň, Eýranyň we Saud Arabystanynyň serhetçileriniň oňa päsgelçilik döretmejegine ynanýandygyny aýdypdy.
75 ýaşly Husan Hajybaýew ýurduň ilkinji prezidenti merhum Yslam Kerimowyň hatyrasyna 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Samarkanda tigirli syýahat edipdi. Şonda pensioner merhum ýurt baştutanynyň guburyna baryp, aýat okamak üçin 500 kilometrden gowrak ýoly tigirli geçipdi. Facebook sosial ulgamynyň ulanyjylary Hajybaýewiň syýahatyny “kiçi haj” bilen deňeşdiripdiler we oňa täze tigir sowgat beripdirler.