“Para üns bererin diýýäň, emma...”

Illýustrasiýa

Türkmenıstanda G. Berdimuhamedow telewidiniýäniň üsti bilen “Para uly üns bererin diýip tutuş halka ýüzlenýär. Emma nähili ýygnakda şolar ýaly söz diýsede, hiç kim üns bermeýärler. Sebäp türkmen halky G. Berdimuhamedowyň her geçirýän ýygnagy ýasamadygyny bilýärler.

Türkmenistanda zatlaryň bahalary näçe ýokary galşy, ýaly işe girmek üçin bermeli paralaryň bahasy iki esse bolýar. Pullary ýok adamlar işsiz ýa-da çöreksiz ýaşamaly bolýarlar. Käbirleri öz çagalaryny ekläp bilmän, utanyp öz janlaryna kast etýärler. Türkmenistanda eýýäm 42% bular ýaly wakalar bolup geçipdir.

Meniň özüm ýokary bilimli, ugrum mugallymçylyk. Emma Türkmenistanda mugallymçylyk ugry boýunça 68%-i aýal maşgalany alýarlar. Eger Watan habarlar gepleşigine syn berseňiz Berdimuhamedow täze açýan mekdeplerinde ýa-da ýokary okuw jaýlarynda öňünde durup çykyş edýänler aýal maşgalalar.

Özüm (Adym Aşyrmyrat) 7 ýyl gezek garano (okuw işleri boýunça bilim müdürligine), Bilim ministrligine we Aşgabadyň häkimine arza bilen ýüz tutdum. Hiç hili peýda bolmady. Mysal üçin: Garanonyň 5-nji etažynda kadrlar bölüminde ... atly aýal maşgala işleýär. Şonuň özi seniň bilen başka bir kabineta geçip, açyk ýüzbe ýüz para barada gürrüň açýar: “Näçe berip biljek.” diýip senden soraýar. Şolar ýaly wakalar Türkmenistanda kän duş gelip bolýar.

Türkmen halk öz içinde Gurbanguly Berdimuhamedow barada İMPİÇMENT sözi kän agzalýar. Menem goldaýaryn. Nesip bolsa şeýle-de bolar.

Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär. Onda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.