Türkmenistan ähli ýeňillikleri, mugt hyzmatlary ýatyrýar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy iýunda iş maslahatyny geçirip, ‘ýeňillikler ulgamynyň özüni doly ödemeýändigini’ aýtdy we wise-premýer B.Hojamämmedowa ähli ýeňillikleri ýatyrmak baradaky teklipleri gysga wagtda taýýarlamagy tabşyrdy.

Prezidentiň sözlerine görä, ‘ýeňillikler hemmelere däl-de, hakykatdan hem durmuş kömegine mätäç adamlara berilmeli. Şol bir wagtda, resmi tassyklanmadyk we inkär edilmedik maglumatlara görä, Türkmenistanda işsizligiň derejesi 50 prosentden geçip, 60 prosente golaýlaýar, minimal aýlyk bolsa, 2017-nji ýylyň ýanwaryndaky maglumata görä, 650 manat (resmi kursa görä $185, “gara bazar” kursunda $106) bolup durýar.

Türkmenistanda suwuň, toguň, gazyň belli bir möçberde mugt berilmegi 1993-njy ýylda, ilaty sosial taýdan goldamak maksady bilen 10 ýyllyk möhetl bilen girizildi we soňra bu mugtçulygyň 2030-njy ýyla çenli saklanyljakdygy aýdyldy.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hudaýberdi Orazow S.Nyýazowyň bu mugtçulygy populizm we korrupsiýa üçin ulanandygyny, halkara guramalary ýurtda aýlygyň derejesiniň juda pesdigini ýatladanda, ‘bizde mugt gaz, suw we tok berilýär, hemme zat arzan’ diýip öwnendigini gürrüň berýär.

Mugtçulygy ýatyrmak ýa ýeňillikler ulgamyny tölegli etmek pikiri soňky ýyllarda ýaşulular maslahatlarynda, häkimiýetleriň islegleri esasynda çykyş edýändigi aýdylýan ýaşulular tarapyndan orta atyldy. Olar bu tekliplerini halkyň indi eliniň uzadan ýerine ýetýändigi bilen düşündirdiler.

Emma prezident Berdimuhamedow şonda, dünýä ykdysadyýetindäki kynçyklara garamazdan, Türkmenistanyň makro-ykdysady ýagdaýynyň gowudyny aýtdy we munuň ýeňillikleri saklap galmaga mümkinçilik berýändigini öňe sürdi. Ýöne ol soň uçar, otly biletlerini gymmatlatmak kararyna gelende, her ýyl aýlyklaryň 10 prosent ýokarlandyrylýandygyny ýatlap, ýeňillikleri ýatyrmak teklibini edýän ýaşululara gol ýapdy.

Ykdysatçy Hudaýberdi Orazow Türkmenistanda aýlyklar 10 prosent ýokarlananda inflýasiýanyň 70-80 prosent çemesi bolýandygyny, emma häkimiýetleriň bu ýagdaýa göz ýumýandygyny aýdýar.

Synçylar Türkmenistandaky mugtçulyk ýa ýeňillikler sistemasynyň iru-giç ýatyrylmaly boljakdygyny, sebäbi munuň azat bazar ykdysadyýeti bilen bir ýere sygyşmaýandygyny turuwbaşdan aýdyp geldiler.

Emma Nyýazowdan soň prezident bolan Berdimuhamedow bu mugtçulygyň üstüni benzin, ýangyç mugtçulygy bilen ýetirdi we bu ýeňillikleri ýurtda adam hukuklaryny üpjün etmegiň subutnamasy hökmünde görkezmegi dowam etdirdi. Ýogsam ol mugt benzin syýasatyny 2014-nji ýylda ýatyrmaly bolupdy we ozal juda arzan hasplanan ýangyjy gymmatladypdy.

Mugtçulyk ýa ýeňillikler ulgamy ýurtdaky abadançylygyň we adam hukuklarynyň dabaralanmagynyň mysaly hökmünde Berdimuhamedowyň geçen ýyl Germaniýa sapary mahalynda hem ulanyldy.

Türkmen lideri şonda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy baradaky soraglara jogap berip,ýeňillikler sistemasyny adam hukuklaryny üpjün etmegiň ajaýyp nusgasy hökmünde görkezmäge çalyşdy we: ‘siz maňa aýdyň, dünýäniň haýsy bir ýurdunda gaz, elektrik togy we kommunal hyzmatlary mugt? Aýdyň?’ diýip, soňky ýigrimi ýyl bäri gaýtalanýan soraglara sorag bilen jogap berdi.

Indi, sosial ulgamlarda aýdylýan pikirlere görä, Türkmenistanda iýul aýynyň başyndan ozal mugt ýa ýeňillikli berlen harytlaryň, hyzmatlaryň köp esse gymmatlamagyna garaşylýar.

Ykdysatçy H.Orazowyň hasabyna görä, Türkmenistan dünýäde maşgaladaky jan başyna iň az girdeji düşýän ýurtlaryň biri bolup durýar we ýeňillikler ýatyrylsa, aýlyklar bolsa öňki ýagdaýynda galsa, halkyň ýagdaýynyň has agyrlaşjakdygyny duýdurýar.

Ekspertler Türkmenistanyň energiýa nyrhlarynyň global arzanlamasy, türkmen gazynyň Hytaýdan başga alyjylarynyň ýitirilmegi bilen baglylykda garaşsyz ýurt bolaly bäri iňagyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýarlar.

Bellemeli ýeri, bu krizis býujet işgärleriniň aýlyklarynyň aýlap gijikmegi bilen, Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary üçin goşmaça serişdeleriň gözlenýän wagtyna gabat geldi.