Türkiýedäki zenan migrantlaryň duş gelýän kynçylyklary

Illýustrasiýa

Bilnişi ýaly, Türkiýe türkmenistanly migrantlaryň ýykgyn edýän esasy ýurtlarynyň başyny çekýär. Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň hasabatyndan çen tutulsa, türkmen migrantlarynyň aglaba köpçüligini hem wizasyz bikanun ýagdaýdaky we köne pasportly migrantlar emele getirýär. Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň beýannamasyna görä, diňe 2015-nji ýyldan bäri hasaba alnan türkmenistanly migrantlaryň sany 200 müňe baryp ýetýär.

Bilermenleriň bellemegine görä, Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň arasynda zenanlar agdyklyk edýär. Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna ýüz tutan, Stambulda zähmet çekýän bir türkmen migranty Türkiýä ýeňil eklenç üçin gelýän türkmen zenanlarynyň duçar bolýan problemalarynyň gün tertibine getirilmegini haýyş edýär.

Onuň bu temada beren bir mysalynda, öz ýakyn dogan-garyndaşlaryndan bolan bir zenanyň kömege mätäç, agyr keselli öz ejesini we resmi nikadaky adamsy bilen çagalaryny taşlap, Stambula ýeňil eklenje gelendigi aýdylýar. Onuň aýtmagyna görä, türkmen zenanlaryň dürli zorluklara duçar edilýän wagtynyň hem bolýandygyny nygtaýar.

Eýsem bu ugurda nähili mysallar bar?

Türkiýedäki türkmen aktiwist Rozubaý Stambulda zähmet çekmäge gelýän migrantlar barada gürrüň berýär.

Türkmen zähmet migranty Maýa hem Türkiýede türkmen migrant zenanlarynyň duş gelýän kynçylyklaryny Azatlyk Radiosyna mysallar esasynda gürrüň berýärler.

Ýeri gelende bellesek, Türkiýedäki zenan migrantlarynyň başdan geçirýän kynçylyklary Türkmenistanyň döwlet kontrollygyndaky metbugatynda agzalmaýanam bolsa, türk mediasynda hem halkara metbugatynda häli-şindi giňişleýin ýer alýar.

Dürli ugurlar boýunça ilçihana we konsullyklara ýüz tutan Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň öz tejribelerinden berýän maglumatlaryndan çen tutulsa, Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy we Stambuldaky konsullygy bu ýurtda türkmen zähmet migrantlarynyň bardygyny kabul etmeýär, olara "Türkiýä aýlanmaga, gezmäge gelen turistler" höküminde baha berýär.