Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmenler saglyk edaralaryndan 'gorkmaly däl'

Stambul, migrantlar

Türkiýäniň sosial ulgamlarynda awtoulag heläkçiligine uçrap, Stambulyň Maslak diýen ýerindäki "Ajybadem" keselhanasynda operasiýa ediljek Muhammet atly türkmen migrant üçin gyssagly 3-nji topar negatiw gan gözlenýändigi barasynda habarlar ýaýrady.

Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň hasabatyna görä, ýurtdaky bikanun türkmen migrantlarynyň sany ýüz müňlerçe. Bu maglumat Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlarynyň saglyk problemalaryny hem ýada salýar.

Eýsem, Türkiýedäki bikanun türkmen zähmet migrantlary saglyk kepilligi bolman öz sagyk ýagdaýlaryna nähili seretdirýärler? Şol bir wagtyň özünde maşgalaly hem çagaly, saglyk kepilligi bolmadyk türkmen migrantlarynyň saglyk problemalary nähili çözülýär?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Türkiýedäki bikanun türkmen migrantlarynyň saglyk problemalaryna gönükdirýär.

Stambulyň dürli döwlet hem hususy keselhanalarynda işlän türkmenistanly aktiwist Rozybaý bilen maşgalaly hem çagaly ýagdaýda Stambulda ýaşaýan Arslan öz terjibelerini dünýä türkmenleri bilen paýlaşýar.

Gepleşigi diňläp, siz hem bu ugurdaky öz tejribeleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde galdyryp bilersiňiz.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmenler saglyk edaralaryndan 'gorkmaly däl'