Türkiýe: Wideoda türkmen migrantyna ölüm haýbatyny atan tutuldy

Illýustrasiýa

Bir türkmen migrantyna ölüm haýbatyny atyp, puluny alan mahaly ony wideo surata düşürip sosial ulgamda ýaýradan adam halk köpçüliginiň güýçli nägilelik bildirmeginden soň Türkiýäniň Ýalowa şäherinde tutuldy.

Azatlyk Radiosynyň düýnki goýberilişinde hem aýan edişimiz ýaly, sosial mediada ýaýradylan wideoda özüni görkezmeýän näbelli bir adam owganystanly bir türkmen migranty awtoulagda zamun alyp: "Seni nähili edip öldüreýin?” “Meniň ýurdumda näme işläp ýörsüň?” “20 lira pul ber, seni öldürmäýin.” “Seni öldüreýinmi ýa-da puly alaýyn" diýen sözler aýdyp haýbat atýar.

Türk metbugatynda çykan habarlarda aýdylyşyna görä, müňlerçe adam tarapyndan paýlaşylyp, köpçülige ýaýradylyp, berk ýazgarylan wideo bilen baglanyşykly sosial media ulanýan adamlar derrew respublikan sülçülige arz-şikaýat edýärler. Türkmen migrant oglanjygyň we ony zamun alanyň derrew tapylmagyny talap edýärler.

Sosial mediada ýaýradylan wideo barasynda, Ýalowanyň polis müdirligi bilen welaýatyň migrasiýa, ýagny göç edarasy derrew herekete geçýärler. Waka bilen baglanşykly Ýalowanyň polis müdirliginiň beren beýannamasynda aýdylşyna görä, wideonyň Ýalowada surata düşürilendiginiň anyklanmagyndan soň, uzak gije giň gerimli gözläp-agtaryş işi alnyp barylýar. Ahyrynda wideony surata düşüren 33 ýaşyndaky A.A. atly adam Altynowa etrabynda ele salynýar. Wideodakylar Howpsuzlyk bölümine getirilýär we gerek bolan kanuny işler başladylýar.

Wideony surata düşürendigi anyklanan A.A. polise beren düşündirişinde ony degişme üçin taýýarlandygyny, Owganystanyň raýaty türkmen migranty bolsa, Altynowa etrabyndaky bir iri mallaryň saklanýan fermasynda işledýändigini aýdýar.

Özüni Hudaýberdi Rozymuhammet diýip tanadan 20 ýaşyndaky owganystanly türkmen migrantynyň Türkiýä bikanun ýoldan gaçyp gelendigi, ýanynda hem hiç hili dokumentiniň ýokdugy anyklanýar.

Haýbat wideosy barada sosial mediada berk ýazgarylandan soň A.A. atly adam gaýtadan bir wideo surata düşürip, wakanyň degişmedigini aýdýar. Onuň ikinji wideosyndan soň hem sosial ulgamdaky nägilelikler artmagyny dowam edýär we köpçülik bolan waka "Beýle degişme bolmaz. Türk halkynyň duýgulary äsgermezçilik edildi" görnüşinde baha berýärler.

Wideony taýýarlan A.A. Ýalowanyň kazyýetine äkidilen mahaly özüni surata düşürýän žurnalistlere "Degişmeden başga zat däldi. Metbugat muny çişirdi. Şeýle oýun edenim üçin gaty puşman boldum" diýýär. Owganystanyň raýaty Hudaýberdi Rozymuhammet bolsa, Ýalowanyň göç ýagny migrasiýa gullugynyň ygtyýaryna tabşyryldy.

Bolan waka hemmeler bilen bir hatarda Türkiýede ýaşaýan owganystanly türkmenler hem uly gyzyklanma bilen çuňňur duýgydaşlyk bildirdi. Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Gülapbek Stambulda ýaşaýan owganystanly türkmenleriň bu bolan waka bildiren reaksiýasyny beýan etdi.

Sosial mediadaky toparlaryň indi Türkiýä bikanun ýoldan gelen gaçgak ýagdaýdaky ol türkmen migrantynyň deport edilmezligi üçin, töwella başlatmaga taýýarlanýandygy habar berilýär.