Türkmenistanlylar Haly baýramyny belleýär

Haly günüe taýýarlyk

Türkmenistanda Türkmen halysynyň güni bellenilýär we bu baýramçylyga gabat “Gözellik nusgasy — türkmen halysy” atly halkara sergi açyldy, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVII mejlisi öz işine başlady diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk gutlagynda türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigi bellenýär.

“Bu sungaty dünýä ýaýmak, gadymy halylaryň iň nepis görnüşleriniň asyl nusgalaryny gorap saklamak maksady bilen, ýurdumyzda halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar, täze halyçylyk kärhanalary işe girizilýär, halyçy gelin-gyzlarymyzyň işlemekleri we dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär” diýip, prezidentiň gutlagynda aýdylýar.

Emma ýerli synçylar türkmen halyçylarynyň çekýän agyr zähmetlerine görä ýeterlik gazanç edip bilmeýändiklerini, olaryň haly bazarlarynyň emeli päsgelçilikler zerarly çäklendirilendigini aýdýarlar.