“Human Rights Watch” guramasy Orsýetiň Çeçnýa regionynyň polisiýasynyň 2017-nji ýylyň bahar aýlarynyň dowamynda onlarça geý we biseksual adamy gabap, gynamalara we kemsitmelere sezewar edendigini we bu hereketini “çeçen jemgyýetini olardan arassalamak boýunça tagallalarynyň” çäginde amala aşyrandygyny tassyklady.
ABŞ-da ýerleşýän guramanyň 26-njy maýda çap eden hasabatynda “geýlere garşy arassalaýyşlaryň” fewral aýynyň aýagynda başlanyp, azyndan aprel aýynyň başyna çenli dowam etdirilendigi we munuň “Çeçenistanyň resmileri tarapyndan görkezme berlip, amala aşyrylandygy” bellenýär.
Aprel aýynyň başynda Orsýetiň “Nowaýa gazeta” neşriniň Çeçenistanda geýleriň daralýandygy hakynda ilkinji gezek habar bereli bäri Demirgazyk Kawkaz respublikasynyň geý ýaşaýjylary öz ýagdaýlary we başdan geçirenleri barada AÝ/AR-na we beýleki habar beriş serişdelerine maglumat ýetirdiler.
Orsýetiň federal häkimiýetleri kemsitmeler hakyndaky habarlary başda ret edipdi, emma halkara jemgyýetçiliginiň basyşy astynda federal edaralaryň ençemesi derňewe başlapdy, prezident Wladimir Putin habar berilýän ýagdaýlar barda baş prokuror we içeri işler ministri bilen gepleşmegi wada beripdi.