Özbek prezidentiniň Türkmenistana eden saparynyň dowamynda, Owganystandaky howpsuzlyk meselesiniň maslahat edilendigi, şeýle-de bu ýurtdaky ýagdaýlara uly ünsüň berilýändigi mälim edildi.
Ýeri gelende ýatlatsak, soňky iki ýarym aýyň içinde özbek lideri Şawkat Mirziýoýew geçen hepdäniň ahyrynda ikinji gezek Türkmenistana resmi sapar bilen gelipdi. Synçylar Mirziýoýewiň Türkmenbaşy şäherine eden saparynyň, Owganystanyň demirgazygyndaky – Türkmenistan we Özbegistan bilen serhetleşýän – sebitlerindäki howpsuzlyk ýagdaýlarynyň has ýaramazlaşan döwrüne gabat gelendigine üns çekip, geçiriljek gepleşiklerde esasy ünsüň owgan serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýlaryna gönükdiriljekdigini çak edipdiler.
Emma türkmen-özbek gepleşikleriniň netijesi boýunça geçirilen metbugat ýygnagynda, Owganystandaky ýagdaýlaryň maslahat edilendigi aýdylsa-da, olaryň jikme-jikleri ýa-da gelnen anyk netijeleri barada hiç hili resmi maglumat berilmedi.
Şenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda, owgan serhedinden başga-da, iki taraplaýyn gatnaşyklara degişli beýleki, şol sanda söwda-ykdysady, transport ýaly ugurlaryň maslahat edilendigi mälim edildi.
Prezidentleriň arasyndaky gepleşiklerden soň, iki ýurduň dürli edaralarynyň arasynda, dokumentlere gol çekmek dabarasy-da boldy. Olaryň arasynda: “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Uzbeknefitgaz” milli holding kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; “Türkmenhowaýollary” gullugy bilen “Uzbekiston hawo ýullari” milli awiakompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen “Uzbekenergo” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda elektrik energiýasyny üstaşyr ibermek we geçirmek babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Nizami adyndaky Daşkendiň döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk hem bar.
Emma bu gol goýlan dokumentleriň çäginde, anyk nähilidir bir işleri geçirmegiň göz öňünde tutulyp-tutulmaýandygy barada hiç zat aýdylmady.
Duşuşygyň resmi bölegi tamamlansoň, prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň özbek kärdeşi Mirziýoýew bilen welosipetde aýlandylar, ýörite gämide syýahat etdiler.
Munuň yzy bilen, iki ýurduň liderleri türgenleşik zalyna baranlarynda, Berdimuhamedow Mirziýoýewe dürli enjamlarda maşklary edip görkezdi. Emma özbek lideri türkmen prezidentiniň göreldesine eýerip, onuň görkezen hereketlerini gaýtalamady.
Şol gün - şenbe güni prezident Şawkat Mirziýoýew yzyna – Özbegistana dolandy.