'Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat diňe 7% kuwwatyny işledýär'

Garşykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat, Türkmenistan, 31-nji mart, 2017.

Türkmenistan ýaňy-ýakynda işe girizen Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyndan, planlaşdyrylan kuwwatynyň diňe 7% derejesinde peýdalanýar, diýip “Türkmenistanyň Hronikasy” neşri habar berýär.

Türkmenistanyň resmi habar beriş serişdesi “Altyn Asyr” saýtynyň maglumatyna görä, kaliý dökünlerini öndürýän Garlykdaky bu kombinatda häzirki wagtda her gije-gündizde 1000-1500 aralygynda magdan çig-maly öndürilýär.

Bu gidişinde ýylda 0.5 million tonna magdan çykarylyp, ondan 100 müň tonna arassa kaliý dökünlerini öndürip bolar, diýlip “Türkmenistanyň Hronikasy” belleýär.

Türkmenistanyň hökümeti Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatynda ýylda 1.4 million kaliý dökünlerini öndürmek planlaryny yglan edipdi we munuň üçin ýylda 7 million tonnadan gowrak magdan çyg malynyň zerurdygyny mälim edipdi.Türkmenistanyň Belarus bilen 2009-njy ýylda gol çeken ylalaşygyna görä, Lebap welaýatynda belarus kompaniýalary tarapyndan gurlan dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat, ulanylyşa tabşyrylmagynyň möhletiniň bir ýarym ýyl çemesi yza tesdirilmeginden soň, şu ýylyň 31-nji martynda iki ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda işe girizilipdi.

Munuň yzýany Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka Türkmenistanyň Belarusdan dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy ýene bir kombinaty gurup bermegi sorandygyny habar berdi.

“Belaruslara täze kombinatyň gurluşygyny ynanmak üçin ähli güýjüň ulanyljakdygy hut özüme wada berildi. Emma men oňa [Türkmenistanyň prezidentine] aýtdym, eger-de biz islesek, onsuzam tenderi utarys diýdim” diýip, 21-nji aprelde tut.by neşri Lukaşenkany sitirledi.

Türkmenistan Lebap welaýatynda Garabilde dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy ýene bir kombinaty gurmak boýunça 17-nji aprelde tender bäsdeşligini yglan etdi. Resmi maglumatda zawodyň gurluşygy boýunça teklipler üçin wagt möhleti 2017-nji ýylyň 26-njy iýuny diýlip, göz öňünde tutulýar. Proýektiň bahasy 1.4 milliard dollar möçberinde görkezilýär.

Türkmen hökümeti ýedi ýylyň dowamynda gurlan Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatynda öndürjek kaliý dökünlerini ýylda 1.2 million tonna mukdarda Hytaýa hem Hindistana ibermek planlaryny yglan edipdi. Türkmen döwleti şol proýekte 1 milliard dollar möçberinde pul ýatyrdy.

Şol bir wagtda-da Aşgabadyň bu kombinatyň gurluşygy üçin Minsk bilen doly hasaplaşmandygy hem habar berlipdi.