Türkmenistan ýedi gezek üýtgeden kanunynyň 25 ýyllygyny belleýär

Türkmenistanyň Esasy kanuny

Türkmenistanlylar 18-nji maýda ýurduň Esasy kanunynyň, Konstitusiýanyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygyny belleýär. Bu gün Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen bilelikde baýram edilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sene bilen bagly gutlagynda “Konstitusiýamyzyň kadalarynda... halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri, halkymyzyň... demokratik, hukuk, dünýewi döwleti gurmak baradaky gymmatly garaýyşlary jemlendi’ diýilýär.

Aýdylyşy ýaly, türkmen konstitusiýasy raýatlaryň syýasy, ykdysady, medeni, dini, söz, pikir, hereket we beýleki azatlyklaryny kepillendirýär, ýöne türkmen režiminiň tankytçylary bu kanunyň adam hukuklaryna we azatlyklaryna degişli maddalarynyň bir toparynyň diňe kagyz ýüzünde galýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow türkmen konstitusiýasynyň sowet döwründäki esasy kanundan hem ýygy üýtgedilýändigini,öz sözleri bilen aýtsak, ony “özleri üçin bir zat gerek bolsa, üýtgedip oturandyklaryny” aýdýar.

Emma türkmen metbugaty baş kanunyň “milli döwletliligiň demokratik we hukuk esaslarynyň ösmegini we kämilleşmegini üpjün etmek maksady bilen” üýtgedilýändigini nygtaýar.

Türkmenistanyň Esasy kanuny 1995-nji, 1999-njy, 2003-nji, 2005-nji we 2006-njy ýyllarda, şeýle hem 2008-nji we 2016-njy ýyllarda “konstitusion özgertmelere” sezewar edildi.

Türkmen häkimiýetleriniň düşündirişlerine görä, bu özgertmelerde “Esasy kanunyň dine bir mazmun bölegi täzelenmän, eýsem gurluşy hem düýpli özgerdildi”.

Emma hukuk goraýjy toparlar, halkara guramalary, şol sanda ÝHHG Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň geçen ýyldaky soňky düzedişinde ömürlik prezidentlige ýol açylandygyny tankyt etdiler.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.Nyýazow özüni, kanuny esas bolmazdan, ömürlik prezident diýip yglan etdi we häkimiýetden diňe ýogalanda aýryldy. Şondan soň türkmen kanunçylygyndan ilki prezidentligiň iki möhlet çägi, soň prezidentlige kandidatyň aňry ýaş çägi aýryldy.

Türkmenistan halkara hukuk toparlarynyň ýyllyk hasabatlarynda adamyň esasy azatlyklaryny we hukuklaryny, şol sanda syýasy, ykdysady, dini, söz we hereket azatlyklaryny çäklendirmekde yzygiderli tankyt edilýär. Şol bir wagtda-da Aşgabat BMG-nyň adam hukuklary boýunça ýörite hasabatçylarynyň, garaşsyz hukuk ekspertleriniň ýurda gelmegine rugsat bermeýär.

Esasy kanunda kepillendirilen hem bolsa, Türkmenistanda henize-bu güne çenli hakyky garaşsyz metbugat ýok, hökümet başyndaky partiýadan başgaça garaýyşly syýasy partiýalar hasaba alynmaýar.

2007-nji ýylyň başynda Türkmenistanda häkimiýet çalşandan soň ýurduň içindäki hereket çäklendirmeleri ýatyryldy, daşary ýurda goýberilmeýän ýa daşary ýurtdan yzyna, ýasa gelmäge hem rugsat berilmeýän adamlaryň “gara sanawy” gowşadyldy.

Emma soňra ýurt içinde regionlardan paýtagta gelýän migrant işçilere, region belgili ulaglaryň sürüjilerine berk çäklendirmeler girizilip başlandy; daşary ýurtda ýaşaýan türkmenler bolsa yza dolanmagyň barha kynlaşdyrylýandygyny aýdýarlar.

Türkiýede ýaşaýan, kakasy we gaýynlary ýogalanda Türkmenistana gidip bilmedik Arslanyň pikirine görä, türkmen konstitusiýasynyň häkimiýetleriň özleri tarapyndan bozulmagynyň, başga sebäpleri bilen bir hatarda, korrupsiýa, parahorluk sebäbi hem bar.

Arslanyň tassyklamagyna görä, türkmen raýatlarynyň kanuny hukugyna eýe bolmagy üçin köplenç para bermegi gerek bolýar.

Türkmenistan maý aýynyň başynda hukuk edaralarynyň işgärleriniň we beýleki emeldarlaryň arasynda korrupsiýa baş goşýanlaryň köpelendigini tassyk etdi we bu ýaramaz hadysa garşy berk görüljekdigini aýtdy.