Kairden sakgally gelip, türkmen türmesinde 'diri ýiten' raýat

Annamyrat Atdaýew

Aşgabada Kairden sakgally gelende MHM-niň ünsüni çeken we ýörite gulluklaryň dindarlaryň arasyndaky agenti bolmakdan “boýun gaçyrandygy üçin tussag edilendigi” aýdylýan Annamyrat Atdaýew (1986-njy ýylda doglan, 2 çaganyň atasy), adam hukuklaryny goraýan merkeziň hasabyna görä, türkmen türmesinde ýiten hasaplanylýan tussaglaryň soňkularynyň biri bolup durýar.

Moskwadaky “Memoriar” merkezi Kairiň “Al-Azhar” uniwersitetinde okan türkmen raýaty A.Atdaýewiň şu ýylyň ýanwarynda, “yslam ekstremizmi” aýyplamasy bilen sud edilenden soň, türkmen türmesinde ýitendigini we garyndaşlarynyň ondan hiç bir habar alyp bilmeýändigini habar berýär.

Tussagyň aýaly, Orsýetiň raýaty Darýa Atdaýewanyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, Annamyrat oňa nobatdaky soragdan soň özüne Aşgabatdaky musulmanlar barada maglumat toplamagyň teklip edilendigini, emma mundan boýun gaçyrandygyny gürrüň beripdir.

2008-nji ýylda Belarusa okuwa giden we 2016-njy ýylda, pasportyny täzelemek üçin Kairden sakgally dolanyp gelýänçä häkimiýetler bilen hiç bir problemasy bolmadyk Annamyrat Aşgabatda, Oraza aýyndaky bir myhmançylykda, hamala, häkimiýetler hakynda tankydy gürrüň etmekde “aýyplandy” diýip, tussagyň aýaly gürrüň berýär.

Darýanyň sözlerine görä, “komitet işgärleri oňa klasdaşlary, ozal Kairde bilen okan ýoldaşlary bilen eden gürrüňlerini sözme-söz aýdyp beripdirler” we 'eger ol hem beýlekileriň eden gürrüňlerini aýtsa, ýakasyny goýbermegi' wada beripdirler.

Ýapyk sudda çykarylan höküm

Annamyrat Atdaýewiň işine 2016-njy ýylyň 13-nji dekabrynda, Aşgabadyň şäher sudunda, ýapyk sudda seredilipdir. Ol Jenaýat kodeksiniň 174-nji maddasynyň 1-nji bölümi (häkimiýeti eýelemek maksady bilen dil düwüşmekde ýa-da konstitusion gurluşy güýç bilen üýtgetmek), 175-nji maddanyň 2-nji bölümi (konstitusion gurluşy güýç bilen üýtgetmäge çagyrmak), 177 maddanyň 1-nji bölümi (sosial, milli we dini duşmançylygy öjükdirmek), 275-nji maddanyň 1-nji bölümi (jenaýatçylykly topar döretmek) aýyplamalary esasynda günäli tapylyp, berk düzgünli türmede 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Tussagyň aýalynyň sözlerine görä, garyndaşlary oňa sud edilýänini diňe şol gün, sudda işleýän bir tanyşlarynyň telefonyndan bilýärler, emma sud zalyna başga hiç kimi goýbermändirler, olar Annamyrady diňe zaldan çykaryp, alyp barýarkalar görüp ýetişipdirler.

Şeýle-de Darýa özlerine suduň höküminiň göçürmesiniň berilmändigini, emma onuň berilmejegi hakynda ýazmaça jogap berendiklerini, bildirilen aýyplamalary we çykarylan hökümişol hatdanbilip galandyklaryny aýtdy.

Suddan soň Annamyrat bilen görüşmäge rugsat bermändirler. Garyndaşlary oňa diňe bir gezek, deslapky tussaghanada azyk geçiripdirler. Darýa Atdaýewa onuň Tejendäki türmede saklanýan bolmagynyň mümkindigini aýdýar, emma garyndaşlary ýanwarda baranda, onuň Tejende diňe iki gün saklanyp, "Owdandepe" türmesine ugradylandygyny aýdypdyrlar. Emma “Memorial” merkeziniň eksperti W.Ponamorýow bu habaryň resmi tassyklanmandygyny ýazýar.

Darýa Atdaýewa türkmen häkimiýetlerinden hiç bir anyk jogap alyp bilmän, Orsýetiň DIM-ine ýüzlenipdir. Netijede, Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy tussagyň aýalynyň kanuny talaplary esasynda,Annamyrat Atdaýewiň ýerleşýän ýerini anyklamak üçin, 15-nji maýda Türkmenistanyň degişli gulluklaryna nota iberdi.

Mundan öň, Forum-18 habar gullugynyň we “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýektiniň maglumatlaryna görä, onlarça türkmen raýaty dini ekstremizm aýyplamalary we hamala 'konstitusion gurluşy zorluk bilen üýtgetmäge çagyrandyklary üçin' uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildiler.

Bu tussaglaryň köpüsiniň “Owdandepe” türmesinde saklanylýandygy çaklanylýar, olaryň käbirniň gynamalar we agyr türme şertleri zerarly ölendigi aýdylýar, emma resmi Aşgabat bu hili maglumatlary ne ret edýär, ne-de tassyklaýar.

Şeýle-de Türkmenistanda, hamala, türk oppozisioneri Fethulla Gülen bilen 'ilteşiklilikde' aýyplanyp, onlarça raýatyň ýapyk sudlarda sud edilendigi habar berildi.

Mundanam başga, ozalky prezident S.Nyýazowy janyna kast etmek synanşygynda aýyplanan türkmen raýatlarynyň onlarçasynyň ykbaly indi 15 ýyl bäri näbelli bolmagynda galýar. Hukuk goraýjylaryň hasaplamalaryna görä, Türkmenistanda türmede ýiten hasaplanylýan raýatlaryň sany 150-200 adam aralygynda diýlip çak edilýär.