Garkynly türkmenler Aşgabatdan kömek isleýär

Owganystan. Garkyn etrabynda ýaşaýan etniki türkmenler

Golaýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Owganystanda saparda bolup, owgan resmileri bilen TOPH we beýleki proýektleriň gurluşygynyň howpsuzlygy barada maslahat etdi.

Emma bu saparda Amyderýanyň boýunda ýaşaýan etniki türkmenlere berlendigi aýdylýan wadalar gün tertibine gelmedi.

Eýsem, türkmen resmileriniň geçen ýylky saparlaryndan bäri Owganystandaky etniki türkmenleriň durmuşynda näme üýtgedi we berlen wadalara näme boldy?

Şeýle-de, Türkmenistan bilen Owganystanyň döwlet araçägini emele getirýän Amyderýanyň boýunda ýaşaýan etniki türkmenler Aşgabat hökümetiniň silden goranmak üçin çeken çiliniň indi joşan suwy Garkynyň ýaşaýjylarynyň üstüne gönükdürýändigini aýdyp, kömege garaşýarlar.

Azatlyk Radiosynyň "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň Garkyn ertabynda ýaşaýan etniki türkmenleriň problemalaryna bagyşlanan sanyny diňläp, öz pikirleriňizi aşakdaky forumda teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Garkynly türkmenler Türkmenistandan kömege garaşýar