Kosowa. Syýasata goşulan žurnalist ýenjilip, hassahana düşdi

Arbana Xharra

Şu hepdäniň başynda syýasatçy bolmak üçin syýasy partiýa goşulan tanymal kosowaly žurnalist Pristinada, öz öýüniň ýanynda urlup-ýenjildi.

Kosowanyň Demokratik partiýasyna goşulmazyndan öň “Zeri” gazetiniň baş redaktory bolan Arbana Xharra 13-nji maýdaky hüjümden soň hassahana ýerleşdirildi.

Polisiýa onuň ýagdaýynyň durnuklydygyny aýtdy. Bu hüjüm bilen bagly tussag edilenler barada maglumat ýok.

Žurnalist zenan, aýdylmagyna görä, 11-nji iýunda Kosowada geçiriljek parlament saýlawlarynda Demokratik partiýanyň kandidaty bolmagy planlaşdyrypdyr.

Xharra žurnalist hökmünde Dempartiýanyň we beýleki syýasy partiýalaryň resmilerinikorrupsiýada we garyndaşparazlykda aýyplaýan makalalary bilen giňden tanaldy.