Aşgabady eýesiz haýwanlardan 'arassalamak' boýunça çäre geçirilýär
Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, şu günler paýtagtyň ähli ýerlerinde, haýwanlar babatynda çäre görýän işgärler tarapyndan ulanylýan gyzgylt reňkli ýörite ulaglary görmek mümkin.
Haýwanlary gözleýän eli demir taýakly adamlaryň häli-şindi göze ilýändigini Aşgabadyň ýaşaýjylary gürrüň berýärler
Aşgabatda haýwanlary tutmak boýunça gullugyň işgäriniň şahadatnamasy
"Ýakyn günlerde sosial pudakda bir aýal Şewçenko köçesindäki metjidiň garşysynda iki güjükli bir it barada gürrüň berdi, onuň hoş söz we iýmite minnetdar bolup, adamlara gysmyljyraýandygyny ýazdy. Ol enaýy haýwanlaryň suratyny hem ýerleşdirip, olara täze eýe tapyljagyny umyt etdi"