Minsk Aşgabadyň Garlyk kombinaty üçin doly hasaplaşmandygyny aýdýar

Garlyk kombinaty

Belarus bilen Türkmenistan özara haryt dolanyşygyny 500 million dollara çenli ýokarlandyrmagy niýet edinýär, şol bir wagtda Aşgabadyň Minsk bilen Garlykda gurlan dag-magdan baýlaşydyryjy kombinat üçin doly hasaplaşmandygy aýdylýar.

Belarusyň premýer-ministriniň orunbasary Anatoliý Kalininiň 10-njy maýda, Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky belarus-türkmen hökümetara komissiýasynyň mejlisinden soň žurnalistlere aýtmagyna görä, 2016-njy ýylda Türkmenistan bilen Belarusň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy 120 million dollardan aşdy, hyzmatlar bilen bolsa 300 milliona ýetdi we taraplar indi bu meselede 500 millionlyk sepgide ýetmegi maksat edinýärler.

Belarus metbugaty ozal, Türkmenistan Garlykda guruljak desganyň enjamlaryny satyn alanda, iki ýurduň arasyndaky söwda-haryt dolanyşygynyň 320 million dollara, iň ýokary derejä galandygyny habar beripdi.

BelTA (Belarusyň telegraf agentligi) Anatoliý Kalininiň sözlerine salgylanyp, Belarusyň Türkmenistanyň Garabil ýatagynda gurmakçy bolýan ikinji dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygyna hem gatnaşmak isleýändigini habar berýär. Bu isleg ozal belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenko tarapyndan hem dile getirilipdi.

Şol bir wagtda, A.Kalininiň sözlerine görä, Türkmenistan heniz Garlykda gurlan we golaýda ulanmaga berlen kombinat üçin hem doly hasaplaşmandyr. “Belarus bu desgany ulanmaga bermek boýunça öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirdi, indi biz bile işleşen potratçylarymyz, material berijilerimiz bilen hasaplaşmak üçin doly hasaplaşyga garaşaýarys” diýip, BelTa wise-premýeriň sözlerini sitirleýär. Emma Kalinin Türkmenistanyň näçe bergisiniň galandygyny anyklaşdyrmady.

Belarus Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinaty üçin hünärmenleri taýýarlamak proýektini dowam etdirýär diýip, Kalinin aýtdy. Mundan öň belarus metbugaty bu ýurtda alan hünärini Garlykda ulanmaly türkmen studentleriniň arasynda watanyna dolanmak islemeýänleriň-de, jenaýata baş goşýanlaryň-da tapylýandygyny habar beripdi.

Ýatladýarys, mart aýynda ulanmaga berlen Garlyk kombinaty Türkmenistanyň maliýeleşdirmeginde, 1 milliard dollardan gowrak serişdä guruldy we onuň işe girizilmegi birnäçe gezek yza süýşürildi; taraplar işleriň gijikmeginde, tölegleriň wagtynda edilmezliginde bir-birini aýyplady.

Mundanam başga, belarus metbugatynda Türkmenistanyň işleşýän kompaniýasynyň – “Belgorhimpromyň” batýan firmalaryň arsynda dördünji orunda durýandygy, onuň ýarym ýylda 10 million dollara golaý ýitgi çekendigi barada habarlar çykdy.

Şeýle-de metbugatda (charter97.org) Soligorsk magdançylarynyň Garlyk kombinatyny wagtynda ulanmaga bermek üçin Türkmenistana mejbury ýagdaýda iberilýändigi aýdyldy. Şonda belarus işçilerinden Garlykda emele gelen ýagdaýa düşünmek “haýyş edildi”.

Türkmen metbugaty bolsa 30-njy sentýabrda Garlyk kombinatyndaky türkmen işçilerine tölenmeli aýlyklaryň gijikdirilmegi we beýleki kemçilikler barada habar berdi.

Şeýle-de, 27-nji noýabrda YouTube saýtynda peýda bolan wideoda Garlyk kombinatynyň önümçilik desgalarynda dörändigi aýdylýan ýangyn görkezildi.

Emma muňa garamazdan, prezident Aleksandr Lukaşenko mart aýynda Türkmenistana saparyndan öň, özleriniň sowet döwründe başarylmadyk işiň hötdesinden gelendiklerini aýdyp öwündi:

“Biz ahyry bu önümçiligi özleşdirdik....bu biziň bütin dünýä islendik käni açyp biljekdigimizi we ol ýerden diňe kaliý däl, islendik peýdaly magdany gazyp almagy başarjakdygymyzy görkezýär” diýip, Lukaşenko aýtdy.

Wise-premýer Kalininiň sözlerine görä, belarus gurluşykçylaryna Türkmenistandaky awtoulag ýollarynyň gurluşygyna gatnaşmagy hem teklip edipdirler. Umuman alnanda bolsa, taraplar haryt dolanyşygyny 500 million dollara ýetirmegi niýet edinýärler.

“Bu örän çylşyrymly wezipe, emma biz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň şu derejesine galmaga çalşarys” diýip Kalinin aýdypdyr. Şeýle-de ol Minskiniň Türkmenistana demirýol wagonlaryny, liftleri eksport etmegi dowam etdijekdigini, “Ştatdler” elektrik-dizel otlularynyň önümleriniň iberilmeginiň maslahatynyň edilendigini aýdýar.

Şu aralykda Belarusda Türkmenistana uly möçberde tehniki enjamlaryny eltmek bilen meşgullanan telekeçi Ernest Alekseýýew tussag edildi. Onuň ýolbaşçylygyndaky “Ýaraw” kompaniýasy Türkmenistanda 1997-nji ýyldan bäri işläp, bu ýurduň ýük we ýolagçy ulaglarynyň iri üpjünçisine öwrülipdi.

Türkmen tarapy belarus resmisiniň Garlyk kombinatynyň gurluşygy üçin hasaplaşygyň gijikmegi barada aýdan sözlerine häzirlikçe hiç bir reaksiýa bildirmedi. Mundan öň hindi metbugaty Aşgabadyň TOPH proýektini maliýleşdirmek üçin maýadar tapmandygy sebäpli onuň işiniň gijikýändigini habar beripdi.