Türkmenistanyň prezidenti öz ogly we agtygy bilen bilelikde birinji gezek atly syýahata çykdy.
Resmi maglumata görä, Gurbanguly Berdimuhamedow öz ogly Serdar we agtygy Kerimguly bilen 9-njy maýda Aşgabadyň etegindäki Ahalteke atçylyk toplumyna tigir sürüp barypdyr we ol ýerde Adylhan, Gujurly we Miras atly atlary münüpdir.
Prezidentiň tagallalary bilen ahal-teke atlarynyň abraýy has-da ýaýbaňlandy, diýip türkmen döwlet habarlar gullugy TDH habar berýär.
Şeýle-de resmi maglumatda prezidentiň agtygy Kerimguly at çapmakda we indi atlary seýislemekde öz atasynyň sapaklaryny ussatlyk bilen özleşdirdi diýlip, bellenýär.
Aprel aýynyň aýagynda Türkmenistanda geçirilen bedew baýramynda guralan at çapyşygynda prezident Berdimuhamedow ýene-de birinji ýeri eýeledi, onuň çapan Miras atly atynyň agtygy Kerimguly tarapyndan seýislenendigi milli mediada habar berildi.
Prezidentiň öz ogly we agtygy bilen bilelikde atçylyk toplumyna geçiren syýahatçylygy barada döwlet mediasynda çap bolan maglumatlarda Berdimuhamedowyň syýasatynyň sportda, tebigatyň goralmagynda, ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde oňyn netije görkezýändigi, soňky döwürde ýurtda aktiw dynç alyşyň rolunyň güýçlenendigi aýdylyp, munuň, hususan-da, adamlaryň “saglygyny we ruhy deňagramlylygyny” pugtalandyrmak üçin mümkinçilik döredýändigi bellendi.
Atçylyk boýunça bäsdeşlikler şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Aziada-2017 halkara sport ýaryşynyň programmasyna Türkmenistanyň prezidentiniň inisiatiwasy boýunça girizildi.
Türkmenistanda atçylyk pudagy prezidentiň doly gözegçiliginde saklanýar.
Her ýylda aprel aýynyň soňky ýekşenbe güni geçirilýän bedew baýramçylygynda şu ýyl prezident Berdimuhamedowa döwlet tarapyndan sekiz sany ahal-teke aty sowgat berildi.