Türkmenistanyň baş prokurory korrupsiýa garşy 'göreşiň şowsuzlygy' üçin işden boşadyldy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň baş prokurory “kanun goraýjy işgärleriň arasyndaky korrupsiýa garşy göreşiň şowsuzlygy” üçin wezipesinden çetleşdirildi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji maýda geçirilen maslahatynda Amanmyrat Hallyýewi “wagtynda korrupsiýanyň öňüni almaga ukypsyzlygy” üçin tankyt etdi.

Hallyýewiň baş prokuror wezipesinden boşadylmagy şol günüň özünde parlament tarapyndan tassyklandy.

Şeýle-de Berdumuhamedow polisiýa resmileriniň arasyndaky korrupsiýa bilen baglylykda içeri işler ministri Isgender Mulikowa käýinç berdi.

Prezident Prokuraturada we Içeri işler ministrliginde ençeme resminiň işden boşadylýandygyny yglan etdi we Baş suduň başlygy Begenç Çaryýewe “mesele içgin garamagy” tabşyrdy.

2006-njy ýylda Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagyndan soň döwlet başynageçen Berdimuhammedow bu öňki sowet ýurduny berk gözegçiliginde dolandyrýar.