Türkmen mediasy: Tramp Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürjek diýdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň halkyna ösüşi arzuw etdi diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Resmi metbugat bu barada Trampyň – mundan 1,5 aý töweregi ozal bolup geçen – Nowruz baýramy mynasybetli prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýollan gutlagynda aýdylýandygyny nygtaýar.

Onda hususan-da Türkmenistanda golf meýdançasynyň gurluşygyny alyp barýan, belli golfçy Jek Niklausyň ABŞ-nyň prezidentine Türkmenistan barada öwgüli sözleri aýdandygy hem bellenilip geçilipdir.

“Meniň dostum Jek Niklaus ýakynda Aşgabatdan dolanyp gelende, Türkmenistanyň gözelligi, türkmen halkynyň myhmansöýerligi barada köp zat gürrüň berdi. Amerikanyň halky we biziň işewür toparlarymyz hyzmatdaşlygyň nobatdaky ugurlaryny öwrenmegini dowam ederler” diýip, Trampyň gutlagynda nygtalýandygy aýdylýar.

Şol bir wagtda, türkmen mediasynda 2-nji maýda çap bolan ýokarky maglumatda Trampyň Nowruz baýramy mynasybetli gutlagynyň haçan, ýagny mart aýyndamy ýa-da soňky günlerde ugradylandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Galyberse-de, türkmen metbugatynyň bu habary prezident Trampyň ABŞ-nyň Türkmenistana berýän maliýe hemaýatyny kesmek baradaky planlarynyň aýan edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Gepiň gerdişine görä bellesek, geçen hepdede “The Foreign Policy” neşiri eline gowşan býujet dokumentlerine we içerki çeşmelerine salgylanyp, USAID, ýagny ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça Agentliginiň çäginde, Türkmenistana ýyllyk goýberilen 3,9 million dollar möçberindäki maliýe hemaýatynyň mundan beýläk doly togtadyljakdygyny aýdypdy.

USAID 1992-nji ýyldan bäri Türkmenistana umumy hasapda 100 milliondan gowrak maliýe hemaýatyny goýberipdi. Bular, esasan, Türkmenistanyň ykdysady galkynmasyna, sosial pudagyny we jemgyýetçilik inisiatiwalaryny ösdürmäge niýetlenen programmalary goldamak üçin niýetlenipdi.

Mundanam başga, USAID Türkmenistanyň döwlet we pudak, şol sanda ykdysady we nebit-gaz edaralarynyň işgärleri üçin, dowamly seminarlary gurnap gelýärdi.

USAID-iň saýtyndaky maglumata görä, Agentlik tejribe alyş-çalyşlyk programmalarynyň çäginde, türkmen diplomatlarynyň daşary ýurtlara saparlaryny hem gurnapdyr.

Ýeri gelende bellesek, türkmen metbugatynyň ABŞ-nyň prezidentiniň Nowruz gutlagyny häzir çap etmeginiň sebäpleri dogrusynda, degişli türkmen media wekillerinden hiç hili maglumat almak başartmady.