Türkmen gazynyň Hytaýa eksporty artsa-da, girdejisi peseldi

Türkmen gazynyň ýeke-täk müşderisi – Hytaý bolup galdy.

Türkmenistanyň Hytaýa akdyrýan gazynyň mukdary artdyrylsa-da, ondan gelýän girdeji öňküsine görä peselipdir.

Naturalgasworld neşiriniň Hytaýyň gümrük gullugynyň statistiki maglumatlaryna salgylanyp berýän maglumatyna görä, 2016-njy ýylda türkmen gazynyň Hytaýa eksporty 6% artyp, 29,64 milliard m3 deň bolan bolsa, ondan gelýän girdeji 28% peselip, $5,48 milliarda barabar bolupdyr.

Makalada ýokarky ýagdaýlara Hytaýyň diňe ýeke-täk bir üpjünçä bagly bolman, eýse gaz importýorlarynyň gerimini giňeldýändigine meňzeýän meýilleriniň sebäp bolmagynyň mümkindigi öňe sürülýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, türkmen gazy Hytaýa – ýyllyk 55 milliard m3 gazy eksport etmäge mümkinçilik berýän, üç ugur boýunça akdyrylyp gelinýär. Ozalky planlara görä, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üstünden geçjek dördünji, “D” liniýasyny çekmek hem göz öňünde tutulypdy.

Aşgabat Türkmenistan-Hytaý gaz ulgamynyň dördünji liniýasy 2020-nji ýyla çenli çekilip gutarandan soň, ähli dört ugur boýunça Hytaýa ýylda 70 milliard m3 gazyň eksport edilmegine garaşýardy.

“D” liniýasy diňe Türkmenistanyň gaz ýataklaryny günbatar Hytaýa birikdirýän dört gaz geçirijiniň iň ulusy bolmak bilen çäklenmän, şol bir wagtyň özünde Türkmenistany haýsy-da bolsa bir alyjy döwlete birikdirýän iň uly ýeke-täk gaz liniýasy bolmalydy.

Emma mundan iki aý ozal, “RIA Nowosti” habar gullugy Hytaýyň milli nebit kompaniýasy bilen “Uzbekneftegaz” kompaniýasynyň liniýanyň özbek territoriýasyndaky gurluşygyny näbelli wagta çenli yza süýşürendigini habar beripdi.

Şol bir wagtda, Naturalgasworld neşirinde çap bolan makalada, Pekiniň diwersifikasiýa syýasatynyň arkasynda şu ýylyň başynda türkmen gazynyň Eýran ugry boýunça akdyrylmagynyň kesilmeginiň hem duran bolmagynyň mümkindigi çaklanylýar.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň başyndan bäri, iberilen gazyň tölegi meselesindäki ylalaşmazlyk netijesinde, türkmen gazynyň Eýrana akdyrylmagy bes edilipdi.

Mundanam başga, Azatlyk Radiosynyň ozal-da habar berşi ýaly, Russiýanyň “Gazprom” kärhanasy-da geçen ýylyň ýanwarynda, Türkmenistandan gaz almagyny doly togtadypdy. Bu ýagdaýlaryň netijesinde, türkmen gazynyň ýeke-täk müşderisi – Hytaý bolup galypdy.

Bu aralykda, Naturalgasworld neşirisi Pekiniň Özbegistandan alýan gazynyň mukdarynyň 2,8 esse, ýagny ýylda 4,34 milliard m3-a, Gazagystandan import edýän gazynyň hem 20% çemesi, ýagny ýylda 430,74 milliard m3-a çenli artandygyny nygtap geçýär.

Galyberse-de, ýokarda beýan edilen ýagdaýlar, energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryndaky bahalarynyň ep-esli aşak gaçan, şeýle-de Türkmenistanyň ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän döwrüne gabat geldi.

Bu ýagdaýlar dogrusynda ne türkmen resmileri, ne-de resmi metbugaty nähilidir bir maglumat bilen çykyş etdiler.