Talyplar abuna ýazylan gazet-žurnallaryny alyp bilmeýärler

Gazet-žurnallar

Aşgabadyň käbir ýokary okuw mekdepleriniň talyplary özleriniň pul töläp ýazylýan gazet-žurnallaryny ýyl boýy hem alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Özüni Meýlis diýip tanyşdyran ýokary okuw mekdebiniň talyby eýýäm soňky kurslarda okaýandygyna garamazdan, özüniň talyp hataryna goşulyp, umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşan döwründe, öz pul tölän abunasyny ýeke gezegem alyp görmändigini aýdýar.

Onuň sözüne görä, ýylda iki gezek abuna ýazylyşyk döwri gelende, ýolbaşçylar tarapyndan talyplardan abuna ýazylmak üçin, 30 manat möçberinde pul ýygnalyp alynýar. Bu puluň möçberi ýylyň dowamynda 60 manat bolýar.

Talyp üçin 60 manat az pul däl. Onsuzam talyplaryň alýan 700 manat talyp haklarynyň ýarpysy diýen ýaly tutumlara gidýär.

“Her kursuň talyp toparyna bir meňzeş sport egin-eşigi üçin, kärdeşler arkalaşyklary üçin, gyzyl-ýarymaý jemgyýeti üçin, çärelerde geýmeli birmeňzeş egin-eşik üçin, teatrlaryň mejbury tomaşaçysy bolmak üçin, garaz, sanasaň sogaby bar diýenleri, her aýda bir bahana tapylyp, talyp haklarynyň ýarpysy elimizden alynýar” diýip, ol sözüni dowam edýär.

“Bizden abuna ýazylmaly diýip, her 6 aýdan 30 manat alanlaryna gynanyp durjak däl, ýöne şol tölän pulumyzyň ne-hä töleg hatyny görýäris, ne-de gazet-žurnallary, hatda haýsy abuna ýazylýandygymyzy hem bilemizok” diýip Meýlis aýdýar.

Öz dekanlaryndan gazet-žurnallaryň näme üçin umumy ýaşaýyş jaýlaryna getirlip berilmeýändigini soranlarynda, “Size şol gazetler nämä gerek” diýlen jogaby alýandyklaryny aýdýarlar. Talyplar gazet-žurnallary okamak isleýändiklerini aýdanlarynda bolsa, “Gazet okasyňyz gelýän bolsa kitaphanalara baryň-da okaberiň, şol ýerde hemme gazet-žurnal bar” diýen jogaby alýandyklaryny hem Meýlis sözüne goşýar.

Talyplaryň okuwdan çykarylmak howpy hemişe olaryň ‘ýanýoldaşy’ bolany üçin, hiç babatda öz hukuklaryny gorap bilmeýändiklerini aýdýan talyplar hem kän.

Abuna babatda-da talyplar şeýle ýagdaýa sezewar bolýarlar. Öz dekanyňa abuna ýazylmak üçin pul berjek däl diýip, aýdan güniň seniň ähli tarapyňdan ýolyňy ýapyp başlajakdyklary görnüp dur. Okaýşyňdan bahana taparlar, tertibiňden bahana taparlar. Garaz bir bahana bilen seni okuwdan çykarmagyň ugryna düşerler.

Şol sebäpli her ýylda iki gezek abuna ýazylmaly diýip toplanýan 60-manat puldan geçeniň gowy diýip, talyplar hatda özlerniň haýsy ýokary okuw mekdebine degişli talypdygyny aýtmak-dan hem çekinýärler.

Ýylyň ikinji ýarymynda talyplaryň tomusky dynç alyş döwridigine, etraplardan okamaga gelen talyplaryň iki aýlap, Iýul-Awgust aýlary öýlerine gaýdyýandyklaryna, şol döwürde olaryň gazýet-jurnallary asla alyp bilmejekdiklerine seretmezden, abuna üçin pul alynanda ýylyň birinji ýarymy üçinem, ikinji ýarymy üçinem şol bir möçberdäki 30-manady alýandyklaryny , şol bir wagytda bolsa özlerinden alynýan pullaryň nirede ýitirim edilýändigini hem bilmeýändikleri talyplar nygtaýarlar.