Türkiýede ten söwdasynda tutulýan türkmenistanly migrantlar barasynda yzygiderli habarlar çykmagy dowam edýär. Türkiýede Stambul bilen Ankaranyň arasynda ýerleşýän Bolu diýen şäherde, birnäçe gün mundan owal türkmenistanly iki zenan ten söwdasynda tutuldy.
Türk metbugatynda ýaýran habara görä, Bolu şäherinde 34 ýaşyndaky türk raýaty M.S. atly zenan ýanynda saklaýan iki sany türkmen zenanyň ten söwdasyny ýola goýmakda aýyplanýar.
Bolu welaýatynyň polis gullugynyň ahlak bölüminiň işgärleri gelip-gowuşýan maglumatlardan ugur alyp, ten söwdasyny edýändigi aýdylýan Bolu şäheriniň Tabaklar mähellesindäki bir öýe duýdansyz operasiýa gurnaýar. Öýde biri 22, beýlekisi bolsa 42 ýaşynda bolan türkmenistanly iki zenan bilen olaryň ten söwdasyny ýola goýup, gazanç etmekde aýyplanýan türk raýaty M.S. atly zenan ele salynýar.
Güman edilýänlerden türk raýaty M.S, polisdäki soragdan soň "Ten söwdasyna araçylyk etmekde" aýyplanyp, kazyýete iberildi.
Jelepçilik bilen meşgullanan türkmen zenanlarynyň polisdäki resmi işleri tamamlanandan soň, deportasiýa ediljekdigi habar berilýär.
Gepiň gerdişine görä ýatlasak, türk metbugatynda şeýle temada owal ýaýran habarlaryň birinde, Adana welaýatynyň polis müdirliginiň ahlak gullugynyň işgärleriniň geçiren operasiýasynda, ýerli bir zenanyň Türkiýä turist bolup gelen G.O. atly bir türkmen zenanyň ten söwdasyna araçylyk etmekde aýyplanyp tussag edilendigi, ten söwdasynda tutulan ol türkmen zenanyň bolsa deportasiýa ediljekdigi aýan edilipdi.
Şeýle-de, Antaliýanyň Serik etrabynyň polisleriniň Kadriýe mähellesindäki bir myhmanhanada 150 türk lirasyna, ýagny 40 dollara tenini satýan daşary ýurtly zenanlary tutandygy we olaryň arasynda Jahan Hudaýberenowa atly bir türkmenistanly raýatyň hem bolandygy mälim edilipdi.
Ýeri gelende belläp geçsek, türk metbugatynda şol bir wagtyň özünde dürli wadalar bilen Türkiýä aldawa salnyp getirilip, soň zor bilen ten söwdasyna mejbur edilýän türkmenistanly zenanlara hem ýygy-ýygydan duş gelinýändigine üns çekilýär.
Owal bir ýyl Stambulda işläp gaýdan N.Z atly bir türkmen zenany, Türkmenistandaky A.A we S.T atly klasdaş boýdaşlaryny işe diýip aldap, Stambuldaky ten söwdasyny gurnaýan adamlaryň eline düşürýär. A.A bilen S.T-niň Türkmenistandaky hossarlary olardan habar-hatyr bolmansoň, daşary işler ministrligine ýüz tutyp kömek soraýarlar.
Türkmenistanyň resmileri türk kärdeşlerine ýitirim bolan türkmen gyzlaryň tapylmagyny sorap ýüz tutýar. Türkmenistanly gyzlar A.A bilen S.T-niň ýitirim bolandygy barasyndaky resminama Stambulyň howpsuzlyk gullugynyň ahlak we humar bölümine iberilýär. Türk polisi soň ol türkmen gyzlary ten söwdasyny gurnaýan jenaýat toparynyň elinden halas edýärler.
Türkmenistanyň metbugatynda Türkiýedäki türkmen migrantlaryň başdan geçirýän ýagdaýlary barasynda söz açylmaýar. Şeýle ýagdaýlara duş gelýän türkmen migrantlaryň ykballary barasynda degişli türkmen ýa-da türk resmilerden jikme-jik maglumat ýa-da haýsam bolsa bir kommentariýa almak hem Azatlyk Radiosyna başartmaýar.