Türkmenistanly bir gyz Türkiýede özüni köprüden taşlady

Illýustrasiýa

Türkmenistanly bir gyz Türkiýäniň Stambula golaý Sakarýa welaýatynyň Arifiýe etrabyndaky bir köprä çykyp, özüni aşak oklap, janyna kast etmäge synanyşdy.

Türk metbugatynda ýaýran habara görä, Türkiýäniň Sakarýa welaýatynyň Arifiýe etrabynyň Mollaköý atly ýerinde, 25-nji aprelde agşam sagat 18.30 töwereginde 20 ýaşyndaky D.M. atly türkmenistanly gyz maşgaladaky oňşuksyzlyk sebäpli köprä çykýar.

Ýaş zenanyň köprä çykanyny gören töwerekde derýada balyk tutýan ýerli raýatlar ýagdaýy derrew türk žandarma gullugy bilen Tiz kömege habar berýärler.

Wakanyň bolan ýerine gelen žandarm gullugynyň işgärleri derrew töwerekde howpsuzlyk çäresini amala aşyrýarlar. Ondan soň ol ýere gelen Tiz kömek halas ediş gullugy we žandarm gullugynyň işgärleri bilen bilelikde, türkmen gyzy raýyndan gaýtarmak üçin töwella edýärler.

Ähli töwellalara garamazdan, D.M. atly türkmen gyz özüni köprüden aşak - derýa taşlap, öz janyna kast etmäge synanyşýar. Tiz kömegiň işgärleri hem şol bada türkmen gyzy halas etmek üçin, derýa bökýärler.

Wakanyň bolan ýerine gelen "AFAD", ýagny adatdan daşary ýagdaýlarda kömek gullugynyň işgärleri derrew motorly gaýyk bilen derýa girip, türkmen gyzny we ony halas etmäge synanyşýanlary suwdan çykaryp, Tiz kömek ulagyna mündirýärler. Derýadan çykarylan D.M. atly türkmen gyzy keselhana äkidilýär we hassahana ýerleşdirilýär.

Sakarýa welaýatynyň Arifiýe etrabynyň žandarm gullugynyň bu waka bilen baglanşykly derňew işini başladandygy habar berilýär.

Ýeri gelende bellesek, köprüden özüni derýa taşlap, janyna kast etmäge synanşan 20 ýaşyndaky D.M. atly türkmenistanly gyzyň saglyk ýagdaýynyň gowudygyny bildiren hassahananyň işgärleri Azatlyk Radiosyna onuň saglyk ýagdaýy barasynda metbugatda çykyş etmek gadaganlygy sebäpli jikme-jik maglumat bermekden saklanýandygyny aýtdylar. Şol bir wagtyň özünde, ol gyzyň ykbaly barasynda degişli taraplardan haýsam bolsa bir kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

Gepiň gerdişine görä ýatlasak, Türkiýe türkmen migrantlaryň ýykgyn edýän esasy ýurtlarynyň başyny çekýär. Türkiýäniň migrasiýa gullugyndan alnan maglumata görä, 2016-njy we 2017-nji ýylda ýaşaýyş rugsadyny alan türkmenistanly raýatlaryň umumy sany 25 müň adam. Ýene 5 müň türkmen migranty iş rugsadyny alan.

Bulardan başga müňe golaý türkmenistanly hem Türkiýede BMG bosgunlygyna ýüz tutupdyr. Diýmek, häzirki wagtda Türkiýede kanuny ýagdaýda hasaba alnan türkmenistanly raýatlarynyň sany 30 müň töwereginde. 2012-nji ýyldan bäri Türkiýedäki köne pasportly türkmen migrantlary bilen baglanşykly geçirilen barlaglaryň netijesine görä, Türkiýede takmynan 200 müňe golaý köne pasportly we wizasyz ýagdaýda türkmen migrantlarynyň bardygy çak edilýär.