Gara öýli Akýaýla obasy suwsuz, toksuz, gazsyz otyr

Türkmenistan

Türkmen ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, ýurtda oba ilatynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak hökümetiň ileri tutýan meseleleriniň biri bolup durýar.

Regionlarda infrastrukturany ösdürmek we ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça ýörite programmanyň çäginde 2007-nji ýyldan bäri döwlet gaznasyndan 6.5 milliard amerikan dollary möçberinde pul sarp edilipdir we mundan beýläk 2020-nji ýyla çenli ýene 7.5 milliard amerikan dollary möçberinde pul ýatyrylar.

Muňa garamazdan, şu günki güne çenli Türkmenistanyň dürli regionlarynda ilatyň elektrik energiýasyz, gazsyz, suwsuz we hatda mekdepsiz hem lukmansyz ýaşaýan ýerleri bar.

Azatlyk Radiosy ýakyn günlerde Balkan welaýatyna sapar eden aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş bolup, regiondaky ýagdaý barada gürrüň bermegi sorady.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Gara öýli Akýaýla obasy suwsuz, toksuz, gazsyz otyr