Ýolbaşçy kadrlaryň ýygy-ýygydan çalşylmagy peýdamy ýa zyýan?

S.Nyýzow öz egindeşleri bilen, 1994 ý.

Türkmenistanda 20 ýyl gowrak wagt bäri yzygiderli dowam edýän käýinç we soňky duýduryş bermek, kadr çalyşmak syýasaty, Azatlygyň käbir okyjylarynyň pikirine görä, kadaly zat we halkyň abadançylygyna hyzmat edýär.

“Kadr çalşygy, ýolbaşçy işgärlеrе kaýinç bеrilmеgi ýa-da (olaryň) wеzipеdеn boşadylmagy hеmmе ýerdе bolýan ýagdaý, şu ýerdе mеn-ä şеýdip gürrüňini edеr ýaly zat görеmok” diýip, özüne Gadymy Nusaýly diýip at beren okyjymyz 6-njy aprelde ýazan teswirinde aýdýar.

Rahmanguly Babaýew atly aokyjymyz bolsa, “Bu edilýän işleriň hemmesi halkyň aladasy, hal-ýagdaýynyň gowulanmagy üçin edilýär” diýip pikir edýär.

Emma synçylaryň köpüsi, şol sanda ozalky wise-premýer Hudaýberdi Orazow Türkmenistandaky ýaly resmilere yzygiderli käýinç bermegiň, olary sebäbini açyk aýtmazdan ýygy-ýygydan çalyşmagyň dünýäniň hiç bir döwletinde ýokdugyny öňe sürýär.

Ozal habar belişi ýaly, Türkmensitanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni birbada iki sany orunbasaryny, nebit-gaz toplumyna jogap berýän wise-premýer Ýagşygeldi Kakaýewi hem-de oba hojalyk toplumyna jogap berýän wise-premýer Rejep Bazarowy wezipelerinden boşatdy, beýleki remileriň birnäçesine käýinç berdi.

Ýogsam bolmasa, 2017-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça berlen hasabatlarda uly ösüş sanlary getirildi, bu sanlar Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan hem tassyklandy.

Şol bir wagtda, ýokary wezipeden çetleşdiririlen resmileriň ýerine getirilýän täze adamlar hem, synçylaryň bellemeklerine görä, o diýen täze ýa-da üýteşiklik döredip biljek kadrlar bolup görünmeýär.

Mysal üçin, oba hojalygy boýunça wise-premýerlige bellenen Esenmyrat Orazgeldiýew ozal hem 2012-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli aralykda oba hojalygy boýunça wise-premýer bolup işläpdi.

Synçylar şeýle kararlaryň ýurtdaky kadr ýetmezçiligi bilen bagly bolmagynyň ahmalddygyny aýdýarlar. Mundan öň Berdimuhamedow beýleki resmiler, şol sanda öňki wise-premýer Gülşat Mämmedowa babatynda hem şeýle kararlara gelipdi.

Ikinji tarapdan, synçylar bu kadr çalyşmalarynyň hökümeti güýçlendirmän, barha gowşak, ynanmsyz bir ýagdaýa salýandygyny aýdýarlar.

"Indi Türkmenistan diýseň - gülýärler"

Angliýanyň Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça eksperti, professor Luka Ançeskiniň pikirine görä, nebit-gaz toplumyna jogap berýän wise-premýer “Kakaýewiň wezipesinden çetleşdirilmegi Berdimuhamedowyň enegriýa syýasatynyň düýpden şowsuz bolup çykandygyny görkezýär”.

“Bu režimiň işiniň ugruna däldiginiň alamaty, sebäbi Kakaýewiň şowsuzlygy onuň şahsy kemmçilikleri bilen bagly däl, olar esasan turuwbaşdan çüýrük bolan syýasatyň durmuşa geçiriljek bolmagy bilen gönüden-göni bagly bolup durýar” diýip, professor Ançeski Azatlyk radiosyna aýtdy.

Ozalky wise-premýer, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Hudaýberdi Orazow professor Ançeskiniň pikiri bilen doly ylalaşýar.

Şwesiýada bosgunlykda ýaşaýan Orazow Azatlyk radiosynyň “Kakaýewiň “Galkynyş” gaz käninden beýleki ugurlara gaz geçirijileriň täze taslamalaryny işläp taýýarlamaga iberilmegi nämäni aňladýar?” diýen soragyna jogap berip, Türkmenistanda emele gelen ýagdaýda resmleriň, kim bolsa bolsun, ertirki ykbalynyň nähili boljagyny öňünden çaklap bolmajakdygny, bu soraga jogap bermegiň örän kyndygyny aýtdy.

Türk işewüri Ahmet çalyk, ozalky prezident S.Nyýazow, ozalky saglyk ministri G.Berdimuhamedow, Aşgabat

Türkmenistanda ýolbaşçy kadrlara yzygiderli käýinç bermek, olary ýygy-ýygydan çalyşmak syýasaty prezident Berdimuhamedowa ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýzowdan miras galdy.

Hasaplamalara görä, 5 million çemesi ilatly Türkmenistanda soňky 25 ýylda ýokary wezipelere çekilen we käýinç berlen, “işde goýberen kemçilikleri” üçin diýlip wezipesinden boşadylan ýokary bilimli kadrlaryň sany müňe golaýlaýar we ýakynda bu syýasatyň üýtgejegini aňladýan alamat hem görünmeýär.

Hudaýberi Orazowyň pikiriçe, bu syýasatdan ne döwlete, ne-de halka peýda bar. Ol Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde bu kadr çalyşmalarynyň agyr ykdysady netijelerinden başga, döwletiň abraýyna hem ýaramaz täsir ýetirýändigini, Türkmenistan diýseň indi adamlaryň gülýändigini belledi.