Aşgabadyň bazarlarynda we söwda dükanlarynda soňky bir aýyň dowamynda gök we bakja önümleriniň bahalarynyň ýokarlanýandygy ýiti duýlup başlandy.
“Ilatyň gündelik durmuşynda möhüm orun alýan hyýar, pomidor, kelem, käşir kartoşka, ukrop, petruşka ýaly gök we bakja önümleriniň bahalary 20-30 göterime çenli ýokarlandy” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.
“Bahalaryň ýokarlanmagy esasan pomidor, hyýar, kelem ýaly gök önümlerde ýiti duýlup ugrady” diýip, aşgabatly öý hojalykçy Güljemal daýza aýdýar.
“Mundan bir aý ozal pomidoryň bir kilosy 6-7 manat bolsa, häzir onuň 1 kilosynyň bahasy 9-10 manada ýetdi. Kelemiň bir kilosy öň 5-6 manatdy, ol häzir 8 manada durýar. Käşiriň bahasy ozal 2 manatdy, häzir 3 manat bahalanýar, bananyň 1 kilosy 7 manatdy, häzir onuň bir kilosyny 9 manat bahalaýarlar. Gök otlaryň hem bir dessesiniň kiçeldilen görnüşini hem 2 manat diýip bahalaýarlar, ozal bir manat ýa-da 1 manat 50-teňňä ullakan desse ukrop ýa petruşkany satyn alsaň bolýardy” diýip, Güljemal daýza sözüne goşýar.
Onuň aýtmagyna görä, bahasy o diýen galmadyk önümler sogan bilen kartoşka. Emma şol önümleriňem 50 teňňe gymmatlandygyny görse bolýar. Almadyr mandarin ýaly önümler hem her kilosynda 1-2 manat gymmatlapdyr. Ozalky 6-7 manatlyk almalaryň häzir bir kilosy 9 manat.
Aşgabadyň bazarlarynda we söwda dükanlarynda azyk önümleriniň ähli görnüşleriniň hem bahalarynyň gymmatlaýandygy barada maglumatlar bar.
Ýaşaýjylar munuň sebäplerini amerikan dollarnyň banklarda satuwdan aýrylyp, onuň gara bazarynyň bolsa barha ýokarlanýandygy sebäp diýip düşünýärler.
Emma Eýrandan barter bilen gelýän gök we bakja önümleriniň ol aýdan ol aýa bahalarynyň galmagy ilat köpçüligi üçin düşnüksiz bolmagynda galýandygy aýdylýar.
Tebigy gazyň Eýran tarapyndan tölenmeýän bergisiniň hasabyna gelýän gök we bakja önümleri mundan näçe ýyl ozal baglaşylan şertnama esasynda gelmeli diýip düşünýän ýaşaýjylar onuň bahasynyň galmagynda bu işlere jogapkär döwlet ýolbaşçylarynyň sebäp bolýandygy baradaky pikirdediklerini aýdýarlar.
“Aýlyklar ýylda 10 göterim galýan bolsa, azyk önümleri her aýda diýen ýaly 10 göterim galýar. Emma “dokuň açdan gamy ýok” diýenleri, ilatyň ýeter-ýetmezçiligi bilen gyzyklanýan ýolbaşçy ýok. Ýalan-ýaşryk maglumatlar, ýalan öwgüler bilen ilatyň garnyny doýrup bolmaýandygyna olar düşünmeýän bolmaly” diýip, pensiýalary has ujypsyz pensionerlerden biri aýdýar.
Bahalaryň gymmatlamagyndan daşary hem özümizde öndürilýän gök önümleriň hiliniň ýaramazlygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.
“Türkmenistanyň teplissa hojalyklarynda öndürilen hyýary ýa pomidory satyn alanyňdan, gymmadrak bolsa-da, Eýranyň hyýar-pomidoryny satyn alanyň has gowy. Olaryň tagamy oňat. Özümizde öndürilýän pomidorlar bolsa diňe daşyndan özüne çekýär. Olary iýmekçi bolsaň, içi göm-gök, hem turşy tagamy bar” diýip, öý bikeleri aýdýarlar.
“Azyk önümleriniň gymmatlaýandygy, ilatyň sarp ediş korzinasynyň derejesi, inflýasiýanyň derejesi, puluň hümmetsizlenmegi baradaky maglumatlary berk ýaşyrynlykda saklaýarlar” diýip, ýaşaýjylaryň nygtaýandyklaryny häli-şindi eşitse bolýar.