Türkmenistanda nobatdaky bag ekmek möwsümine badalga berildi

Aşgabat, ýowarçy

Türkmenistanda «ählihalk ýowary» diýlip yglan edilen 18-nji martda nobatdaky bag ekmek möwsümine badalga berildi.

Türkmen mediasy ýowara prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem gatnaşyp, möwsümiň ilkinji bag nahalyny oturdandygyny habar berýär.

Aşgabadyň Günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde geçirilen bag ekmek çäresine býujet edaralarynyň işgärleri, studentler bilen bilelikde hökümet agzalary, parlamentiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar hem gatnaşdy.

Türkmen mediasy bag ekmek möwsüminiň barşynda tutuş ýurt boýunça 416 müňe golaý agaç nahalynyň oturdylandygyny, şeýle hem ozal bar bolan baglaryň 1 million 150 müňden gowragyna ideg edilendigini habar berýär.

Ählihalk ýowary, adatça bolşy ýaly, prezidente alkyş aýdylýan aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşdyryldy.