Berdimuhamedow "ýerleriň hakyky eýelerini" gözleýär

Prezident pagta meýdanynda

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda, öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň dolandyryşynyň soňky ýyllarynda ençeme gezek aýdan sözlerini gaýtalap, Türkmenistanda ýerleriň hakyky eýeleriniň tapylmaýandygyny boýun aldy.

Türkmen prezidentiniň bu boýun alşy Katar döwletine eden iki günlük saparynyň yz ýanyna gabat geldi. Türkmen mediasynyň Katar sapary baradaky maglumatlaryndan belli bolşuna görä,resmi Aşgabadyň katar maýalaryny çekmek ugrundaky gyzyklanmalary o diýen goldaw tapmaýar.

Prezident importyň ornuny tutýan harytlary öndürmek talabyny dowam etdirip, daşary ýurtlara oba hojalyk önümlerini eksport etmegi guramagyň zerurdygyny ýene bir gezek ýatlatdy.

Onuň pikiriçe,goňşy ýurtlarda türkmen önümlerini ýerlemek üçin ägirt uly bazarlar bar we bu ugurda uzak möhletli programmalaryň düzülmegi gerek.

Mundan öň Berdimuhamedow goňşy ýurtlardan gök önümleri getirmek üçin uly möçberde walýutanyň harçlaýandygyny tankyt edipdi. Ýurt içinden gelýän habarlara görä, türkmen bazarlarynda satylýan sogan, pomidor, hyýar, kartoşka ýaly halkyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň uly bölegi daşary ýurtlardan getirilýär.

Berdimuhamedow, adatça bolşy ýaly, soňky 25 ýylda dörän ýagdaýyň -oba hojalyk senagatynyň edaralarynyň we kärhanalarynyň düzümleriniň «gysga möhletlerde üýtgedilmegini» talap etdi.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, häzir ýurtdaky oba hojalyk önümlerini esasan daýhan birleşikleri öndürýär we olaryň köpüsi netijeli işlemeýär.

Türkmen telewideniýesi prezidentiň bu ugra gözegçilik edýän wise-premýerden «oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň depginlerini ýokarlandyrmagy, ýerleriň hakyky eýelerini tapmagy» talap edendigini habar berýär.

Berdimuhamedow mundan öň ýerleriň şorladylýandygyny, ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygynyň pesdigini boýun alypdy.

Türkmenistanda ekerançylyk ýerleriniň şorlamagy, hasyllylygyň peselmegi sowet döwrüniň Moskwadan berilýän pagta planlaryndan bäri dowam edýär.

Ýerli synçylar bu ýerde ilkinji meseläniň ýeriň we suwuň eýesizligi, ýagny döwlete degişlidigi, daýhanyň diňe ýokardan berlen plan esasynda işledilmegi, onuň hakyky bähbitleriniň hasaba alynmazlygy bilen baglydygyny aýdýarlar.

Ozal prezident Nyýazowyň, soň Berdimuhamedowyň ýere döwlet eýeçiligini we daýhanlaryň ygtyýarsyzlygyny saklap galmagy önüm bolçulygynyň döremeginiň öňüni alýar diýip, Azatlyk radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan daýhanlar aýdýar.

Ministrler kabinetiniň mejlisinde, oba reformasyndan başga,erkin ykdysady zolaklary döretmek zerurlygy barada hem gürrüň edildi.

Türkmen metbugatynyň habaryna görä, erkin ykdysady zolaklary döretmek boýunça 2023-nji ýyla çenli döwür üçin baş ýörelgäniň taslamasy taýýarlandy.

Şu arada «Kommersant.ru» neşiri Türkmenistanyň öňki sowet respublikalarynyň arasynda maýa ýatyrylmagyna döredilen şertler boýunça iň soňky derejä mynasyp bolandygyny habar berdi

Ekspertleriň “Ýewraziýa ösüşi” merkezi Merkezi Aziýanyň we Günorta Kawkazyň sekiz ýurdunyň sermaýa çekijiligi boýunça görkeziji taýýarlap, bu ýurtlar ykdysadyýetiň täze modelini gurmagy hem, uzak möhletli ösüş perspektiwalaryny kesgitlemegi hem başarmadylar we SSSR-iň senagat mirasyny maksimal derejede ulanmaga çalyşdylar diýen netijä gelýär.