Aşgabatda polisiýa işgärleri sähel sölpi, ýagny tagaşyksyz görünýän raýatlary saklap, olaryň şahsyýetini görkezýän dokumentleri barlap başladylar. Bu günler, ünsi çekmezlik üçin, raýat eşigini geýnen howpsuzlyk gulluklarynyň bu ugurda giň gerimli iş alyp barýandygyna üns çekilýär.
Azatlyk Radiosynyň birnäçe çeşmesiniň tassyklamagyna görä, saklanan türkmenistanlylar paýtagtda ýazgyda (‘propiska’) durmadyk, ýagny ýurduň beýleki regionlaryndan gelen bolsalar, onda olara jerime salnyp, soňy bilen-de ony ýaşaýan sebitlerine ugradylýarlar.
“Aşgabat propiskasy bolmadyklar başda Hitrowkadaky “Arzuw” we “Ýalkym” deslapky tussaghanalaryna äkidilýärler. Olara 300-500 manat möçberinde jerime salnyp, mejbury ýagdaýda öz ýaşaýan regionlaryna ýollanýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmesi gürrüň berdi.
Ýeri gelende ýatlatsak, 2015-nji ýylyň aýagyndan bäri Aşgabada ýurduň beýleki künjeklerinden işlemäne we, umuman, paýtagta gelýän welaýatlylara garşy resmi derejede her dürli çäklendirmeler girizilip başlanypdy.
Bir tarapdan, Aşgabada welaýat belgili ulaglaryň girmegi gadagan edilip, bu düzgüni bozanlara garşy administratiw çäre görlüp başlanan bolsa; beýleki tarapdan prezidentiň ýörite karary bilen paýtagtda işlemekçi bolýan welaýatlylaryň diňe “iş rugsatnamasy resmileşdirilenden soň işe kabul etmek” düzgüni girizilipdi.
Häzir paýtagtda ýurduň beýleki künjeklerinden gelenleri ‘awlamak’ boýunça täze tolkuny “Aziada-2017” oýunlaryna görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşdyrylýar.
“Şu sentýabrda geçmeli Aziada oýunlaryna çenli ähli welaýatlylary paýtagtdan kowup çykarmakçy bolýarlar. Her günde ýüzlerçe adam saklanylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň polisiýa gullugyndaky çeşmeleriniň biri aýdýar.
Onuň sözlerine görä, 2009-njy ýyldan bäri içeri işler ministri bolup oturan polisiýanyň general-maýory Isgender Mulikow geçen aý bu wezipä täzeden bellensoň, ol “iş edip bilýändigini görkezmek” maksady bilen paýtagtdan welaýatlylary çykarmak boýunça täze kampaniýa başladypdyr.
Şol bir wagtda, bu görülýän çäreleriň fonunda, polisiýanyň bikanun gazanç etmäge, ýagny saklanan welaýatlylardan para-peşgeş almak mümkinçiliginiň hem dörändigi bellenip geçilýär.
“Biz ýagdaýa görä polisiýa 20-100 manat aralygynda para berip ‘sypýarys’. Bu 500 manat jerime töläp, paýtagtdan çykarylmagymyzdan has gowy” diýip, ýokarda beýan edilenleri tassyklap, Aşgabadyň gurluşyk obýektleriniň birinde zähmet çekýän daşoguzly ildeşlerimiziň biri gürrüň berdi.
Bu aralykda, bu gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda ne Aşgabat häkimliginden, ne-de polisiýasyndan nähilidir bir maglumat almak başartdy. Ýurduň resmi metbugaty hem Türkmenistanyň raýatlarynyň Aşgabatdan zor bilen çykarylmagy dogrusynda, häzirki güne çenli dymyp gelýär.
Galyberse-de, garaşsyz aklawçylar Aşgabatda alnyp barylýan bu çäreleriň ýurduň Konstitusiýasyna “çapraz gelýändigini” nygtaýarlar.