Türkmenistanda "gara banklar" ýaýbaňlanýar

Türkmenistanda dollaryň näresmi söwdasy.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ýerli çeşmesiniň aýtmagyna görä, Türkmenistanda barha ýaramazlaşýan ykdysady şertler we esasanam bank ulgamyndaki çäklendirmeler halky başga ugra, ýagny gara bazara gönükdirýär. Pursatdan peýdalanýan käbir adamlar Türkmenistanda "gara banklary" döredip, halka karz pul berýärler.

Türkmenistandaky "gara banklardan" karz pul almagyň möhleti bir ýyl. 5 müň amerikan dollaryna çenli bolan karz puluň göterimi 3-den 5 % çenli baryp ýetýär. Eger "gara bankdan" alynjak karz puluň mukdary 5 müň amerikan dollaryndan ýokary bolsa, onda 10 müň amerikan dollaryna çenli bolan karz puly 2 - 2,5% bilen bir ýyl soň gaýtaryp bermeli. "Gara banklar" karz pul işlerini amerikan dollarynyň Türkmenistandaky gara bazar nyrhyna görä kesgitleýärler.

Adynyň efirde tutulmazlygyny isläp, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Türkiýä söwda gatnaýan bir söwdagäriň aýtmagyna görä, Türkmenistandaky "gara banklar" karz puly dollar ýa-da manat görnüşinde bersin, tapawudy ýok, karz puly gara bazardaky amerikan dollarynyň bahasyndan hasaplap, karzdardan şol esasda dil hat bilen şahsy pasport ýa-da bolmasa bir resmi dokument alyp galýarlar. Dil hatda karz alnan puluň mukdary amerikan dollary görnüşinde alanam bolsa, manat alan ýaly edip görkezilýär. Onuň bellemegine görä, "gara bank" karzdarlara puly amerikan dollary görnüşinde berýän mahaly gaty gizlinlikde, diýseň eserdeň hereket edýär.

Türkmenistanda dörän we barha ýaýbaňlanýan "gara banklardan" karz pul alýanlaryň arasynda ýönekeý halkyň wekilleri bilen bir hatarda döwlet işlerinde işleýänleriň, galyberse-de, organ işgärleriniň hem bardygyna üns çekilýär.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan, efirde adynyň agzalmagyny islemeýän Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň bir ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, "gara banklardan" karz pul alýan etrabyň ýerli organ işgärleriniň soň öz eýeleýän wezipelerini ulanyp, şol "gara banklary" ýöredýän adamlara dürli ýollar bilen haýbat atyp, alan karz puluny yzyna gaýtarmazlyga synanyşyk edýän wagtam bolýar.

Ýerli çeşme, mundan daşaryn "gara banklaryň" gazanýan girdeýjilerinden özüne paý almak isleýän ýerli organ işgärleriniň olara garşy dürli basyşlar edýändigini hem ýatladýar.