Türkmenistanyň BMG-nyň Ženewadaky bölümindäki hemişelik wekili Atageldi Haljanow raýat žurnalisti Saparmämmet Nepesgulyýewi degişli dispanserde «ençeme gezek barlanan, ruhy taýdan näsag» adam atlandyrdy diýip, «Türkmenistanyň alternatiw habarlary» proýekti 8-nji martda habar berdi.
Türkmen delegasiýasynyň başlygy bu beýanaty Aşgabadyň BMG-nyň Adam hukuklary komitetinde Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara konwensiýasy boýunça ikinji döwürleýin hasabatynyň diňlenýän wagtynda etdi.
Türkmen resmisiniň sözlerine görä, S.Nepesgulyýewe Balkanabat şäherindäki aklawçylar kollegiýasy tarapyndan ýuridiki kömek berildi we şu sebäpden onuň şikaýaty «kabul ederliksiz» bolup durýar.
«Türkmenistanyň alternatiw habarlary» proýekti we Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlyk eden S.Nepesgulyýew 2015-nji ýylda, ýanyndan «tramadol» preparaty çykdy diýen aýyplama bilen tussag edildi.
Atageldi Haljanow Ženewada BMG-nyň Adam hukuklary komitetiniň agzalarynyň biriniň BMG-nyň eden-etdilikli tussag etmeler boýunça Işçi toparynyň Nepesgulyýew barada gelen karary baradaky soragyna jogap berdi.
BMG-nyň Işçi toparynyň 2015-nji ýylyň aýagynda çykaran kararyna görä, Nepesgulyýew öz pikirini parahat ýagdaýda aýtmak hukugyny ulanandygy üçin azatlykdan mahrum edildi.
«Türkmenistanyň alternatiw habarlary» proýekti Nepesgulyýewiň kameradaşy Erik Supuşew bilen geçiren wideo söhbetdeşligine salgylanyp, žurnaliste ýapyk sud edilendigini, onuň aklawçysynyň bolmandygyny ýatladýar.
«Onuň žurnalistik işi barada aýdylýanlar hakykata gabat gelmeýär» - diýip, A.Haljanow aýdypdyr we bu hili işi ýerine ýetirmek üçin «bilimiň hem-de wakalary dogruçyl beýan etmek başarngynyň» zerurdygyny, emma olaryň Nepesgulyýewde ýokdugyny öňe sürüpdir.
Şeýle-de neşir türkmen diplomatynyň S.Nepesgulyýew tussag edilen mahalynda onuň ýanyndan 23 derman çykdy diýendigini aýdyp, türkmen häkimiýetleriniň ozal onuň ýanyndan tramadolyň 44 tabletkasy tapyldy diýendiklerine ünsi çekýär.
«Türkmenistanyň alternatiw habarlary» proýekti türkmen delegasiýasynyň hasabatyny diňlemegiň üç sagada çekendigini, ol wagtyň iki sagadynyň Türkmenistanda täzelenen kanunlar barada berlen gürrüňe gidendigini habar berýär.
Adam hukuklary komitetiniň agzalary pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylmagy, garaşsyz monitoring geçirýän adamlaryň käbiriniň tutulandygy, türkmen türmeleriniň ýagdaýy we zorlukly ýitirim edilenler, «Owadandepe» türmesindäki adam gynamalary barada sorag berdiler diýip, habarda aýdylýar.
«Narkuly Baltaýewiň jesediniň agramy 25 kilograma golaý bolupdyr, muny açlyk gynagy däl-de, näme atlandyryp bolar?» diýip, komitet agzalarynyň biri sorapdyr.
Türkmen diplomaty ýurtda mejbury zähmetiň ulanylýandygyny boýun alman, türkmen kanunçylygyndaky maddalary sanady diýip, TAH ýazýar.
Şeýle-de neşir türmelerde saklanylýan tussaglaryň sany we türmedäki orunlaryň ýagdaýy barada berlen soragyň jogapsyz galandygyny, diňlenişigiň soňunda komitet agzalarynyň türkmen delegasiýasyny resmiligiň çäginden çykmaga çagyrandyklaryny habar berýär.
«Jogaplar formal boldy we gaýtalandy, biz olary ýazmaça görnüşde hem aldyk» diýip, komitetiň agzalary özlerini görkezilen işler boýunça anyk jogaplaryň gyzyklandyrýandygyny aýdypdyrlar.
Türkmenistanyň BMG-nyň Adam hukuklary komitetindäki ikinji hasabatynyň diňlenişigi bu gün hem dowam edýär.
«Türkmenistanyň alternatiw habarlary» proýektiniň maglumaty esasynda taýýarlandy.