Türkmenistanly eneleriň agyr günleri başdan geçirýändigi aýdylýar

Türkmen hökümeti aýallaryň arasyndaky işsizligiň derejesi barada maglumat bermeýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň aýal-gyzlaryny 8-nji mart baýramçylygy, Halkara aýallar güni bilen gutlady.

Resmi metbugatda çap edilen gutlagda aýdylmagyna görä, «enelere, gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak» türkmen halkynyň milli däbi bolup durýar.

Şeýle-de prezident «zenanlaryň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigini» nygtaýar.

Türkmen metbugaty bu baýram mynasybetli ýurduň işleýän we okaýan aýal-gyzlaryna prezidentiň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylandygyny, iki ýüz segsenden gowrak enä «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylandygyny, köp çagaly maşgalalaryň nobatdaky toparyna prezidentiň adyndan täze, giň öýleriň açarlarynyň berlendigini habar berdi.

Emma Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli synçylar, hukuk goraýjy aktiwistler Türkmenistanda jaý edinmek ýa-da jaý salmak üçin berilýän mellek ýerini almak meselesiniň ýeňlemeýändigini, ýaş maşgalalaryň jaý kösençliginiň dowam edýändigini, jaý bahalarynyň soňky on ýylda juda gymmatlandygyny aýdýarlar.

Synçylaryň käbiri jaýlaryň aşa gymmatlamagynyň sebäbini paýtagtda we onuň töweregindeýykylýan ýaşaýyş jaýlarynyňk öpelmegi we jaýy ýykylýanlara ýeterlik kompensasiýa berilmezligi bilen düşündirýärler.

Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, aýal-gyzlaryň arasyndaky işsizlik derejesiniň ýyl-ýyldan ýokarlanmagy olary köçe süpürmek ýaly az girdejili işlerde, ekin meýdanlarynda mejbury zähmet çekmäge mejbur edýär.

Bu ýagdaý soňky ýyllar köp çagaly eneleriň sanynyň kesgin azalmagyna getirdi, durmuş, eklenç kynçylygy zerarly ýaş maşgalalar çaga edinmekden gorkýarlardiýip, Azatlygyň çeşmeleri aýdýar.

Emma türkmen hökümeti aýallaryň arasyndaky işsizligiň derejesi barada maglumat bermekden geçen, ilat ýazuwynyň netijelerini hem çap etmeýär.

Ozalky tussag Akmuhammet Baýhanowyň sözlerine görä, türkmenistanly aýal-gyzlaryň hak-hukuk ýagdaýy ýurtdaky umumy ýagdaýa bagly. Ol Türkmenistandaky režimiň dowam etmegi, işsizlik, kanunlaryň işlemezligi we yzarlanmalar zerarly türkmen aýallarynyň juda agyr günleri başdan geçirýändiklerini, daşary ýurtlardan eklenç gözlemäge mejbur bolýandygyny aýtdy.

Türkmenistanda aýallar kemsidilýär

Bu ýylyň 8-nji mart baýramçylygy Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň ýurtlar boýunça ýyllyk adam hukuklary hasabatyny çap etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Bu hasabatyň «Aýallar» diýen babynda Türkmenistanda aýallara öýde, maşgalada edilýän sütemiň adaty zatdygy aýdylýar. «Içerki zorlugyň pidalarynyň köpüsi sesini çykarmaýar, sebäbi olar ýa hak-hukuklaryny bilmeýärler, ýa-da ärleriniň we garyndaşlarynyň has beter sütem etmeklerinden gorkýarlar» diýip, hasabatda bellenýär.

Mundanam başga, Türkmenistanda jynsy taýdan azar bermek, süýkenmek babatda ýörite kanunyň ýokdugy, emma iş ýerlerinde aýal maşgalalara jynsy taýdan azar berme faktlarynyň bolýandygynyň habar berilýändigi aýdylýar.

Döwlet departamentiniň hasabaty Türkmenistanda aýallaryň kanun taýdan erkekler bilen deňdigini belleýär, ýagny olar edilýän iş boýunça deň hak alyp bilmeli, karz almaga, öz işini başlamaga we hökümet işlerinde işlemäge hukukly. Emma muňa garamazdan, medeni meýiller zerarly, aýallary kemsitmek dowam edýär we bu kanunlaryň käbiri yzygiderli durmuşa geçirilmeýär diýip, hasabatda bellenilýär.

Şeýle-de, iş berijileriň käbiriniň, göwrelilik ýa çaga seretmek bilen bagly işçi ýeriniň boş galmazlygy üçin, erkekleri işe alanyny kem görmeýändigi aýdylýar.

Soňky döwrürde çilim gytçylygy we çilim nobaty barada çykan habarlarda aýallara çilim satmagyň dilden gadagan edilendigi barada hem habarlar çykdy, emma resmi Aşgabat hukuk goraýjylaryň saýtlarynda çykan habarlary ne inkär etdi, ne-de tassyklady.

Aýallary çärelerde "janly diwar" edip ulanýarlar

Türkmen prezidentiniň 8-nji mart gutlagynda aýal-gyzlaryň ýurduň syýasy, ykdysady, medeni durmuş kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýandyklary» bellenilýär.

Emma ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýyllyk hasabatynda türkmenistanly aýallaryň döwlet hökümet işleriniň ýokary gatlagynda az orun alýandygy, olaryň esasan saglygy saklaýyş, bilim we hyzmat işlerinde işledilýändigi aýdylýar.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran 60 ýaşly ýerli synçy türkmen aýallarynyň soňky ýyllarda hökümet syýasatyny wagyz edýän propaganda-wagyz işlerinde ulanylmagynyň, olary janly diwar görnüşinde sowuk ýa yssy diýmän çärelere gatnaşdyrmagyň adaty zada öwrülendigini aýtdy.

Ýöne Döwlet departamentiniň hasabatynda türkmen hökümetiniň aýallara garşy diskriminasiýany boýun almaýandygy aýdylýar.

Şeýle-de hasabatda "Olary diri görkeziň!" kampaniýasynyň türmelerde ýiten hasaplanylýan 87 adamyň sanawyny düzendigi aýdylyp, olardan syýasy dissident Gulgeldi Annanyýazow bilen Türkmensitanyň ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň atlary getirilýär. 2011-nji ýylda bu hasabatda öz bikanun koinfiskasiýa edilen emläklerini yzyna almaga synanyşan Aýjemal Berdiýewanyň adamsy Bazargeldi bilen türmede ýitendigi bellenipdi.

Aýjemal Berdiýewa öz maşgalasynyň duçar bolan haksyzlyklary barada türmä basylmazyndan öň Azatlyk radiosyna ençeme gezek interwýu beripdi.