"Türkiýede aldawa düşürilýän türkmenler"

Aşgabadyň halkara aeroporty

Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň, daşary ýurtlara işlemäge gidýänler köpeldi. Daşary ýurda işlemäge gidýänleriň iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň başyny Türkiýe çekýär. Türkiýä işlemäge gelýänleriň aglabasy özbaşdak hereket edýänler. Şol wagtyň özünde ýörite adamlar ýa-da toparlar tarapyndan işlemäge diýip getirilýänleriň hem bardygy aýdylýar.

Ýogsa-da, Türkmenistandan Türkiýä işlemäge gelýänlere kimler nähili wadalar berýär? Türkiýä işlemäge adam getirýänleriň ulanýan tilsimleri we şertleri nähili? Dürli wadalar bilen Türkiýä işlemäge getirilen türkmen migrantlary soň nähili ýagdaýlary başdan geçirmeli bolýarlar we soň olar nähili çykalga gözleýärler?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny dürli wadalar bilen işlemäge getirilýän türkmen migrantlarynyň Türkiýede başdan geçirýän ýagdaýlaryna gönükdirýär.

Siz Türkiýä nädip işlemäge geldiňiz? Türkiýede siz hem aldawa düşdüňizmi? Türkiýede iş tapyp berýän "araçylar" size nähili wadalar berýärler? Siziň tanyş-bilişleriňizden aldawa düşürilenler boldumy? Bu ugurda siz nähili tejribeleri başdan geçirdiňiz?

Bu temada taýýarlanjak gepleşigimize gatnaşmak isleýänler hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektron hat salgylarynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip biler.

Bu ugurdaky tejribelerini dünýä türkmenleri bilen paýlaşmak isleýänler bolsa aşakdaky foruma teswir ýazyp bilerler.