Türkmenistanyň "gaz arzuwlarynyň" soňy

Illýustrasiýa

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen onuň hökümeti soňky wagtlarda dem-dynç alara eli degmeýäne meňzeýär.

Bu olara zerur diýildigi däl welin, ýöne Türkmenistanyň bir alyja saldamly mukdarda gaz eksport etmek boýunça beslän iň soňkuja umydy puç bolup çykdy.

Türkmenistan-Hytaý gaz ulgamynyň “D” liniýasy diňe Türkmenistanyň gaz ýataklaryny günbatar Hytaýa birikdirýän dört gaz geçirijiniň iň ulusy bolmak bilen çäklenmän, şol bir wagtyň özünde Türkmenistany haýsy-da bolsa bir alyjy döwlete birikdirýän iň uly ýeke-täk gaz liniýasy bolmalydy.

“D” liniýasy ýylda 30 milliard kub metr çemesi gazy Hytaýa akdyrar diýip çaklanypdy. Bu liniýanyň ugry hem beýlekilerden tapawutly. “A”, “B”, “C” liniýalary Özbegistan we Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa baryp ýetýär. Pekin Merkezi Aziýanyň ähli döwletlerini içine almagy üçin “D” liniýasyny Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üsti bilen Hytaýa ýetirmegi karar etdi.

Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň liniýany Hytaý kompaniýalary bilen bilelikde gurmagy we soňra hem ony ýöretmegi hakdaky käbir kynçylyklar 2014-nji ýylyň aýaklaryndan beýläk aýan bolup ugrady.

Merkezi Aziýanyň bu döwletleriniň hiç biri bu liniýadan peýdalanjak däldi, ýöne tranzit haky diýip, millionlarça dollar pul gazanjakdylar.

2016-njy ýylyň aýaklarynda Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy bu proýekt bilen baglylykda, Gyrgyzystanyň bir resmisi bilen gürleşende, ol “D” liniýasy barada 2015-nji ýylyň dekabryndan bäri Hytaý resmileri bilen hiç hili duşuşygyň bolmandygyny aýtdy.

Ýöne “D” liniýasyny resmi taýdan togtadan Özbegistan bilen Hytaý ýaly bolýar. 2-nji martda habar gullugy “RIA Nowosti” Hytaýyň milli nebit kompaniýasy bilen “Uzbekneftegaz” kompaniýasynyň liniýanyň özbek territoriýasyndaky gurluşygyny näbelli wagta çenli yza süýşürendigini habar berdi.

Ykdysady krizis

Bu bolsa Türkmenistana urlan hakyky zarba bolup durýar. Türkmenistan häzir özüniň 25 ýyllyk taryhynda iň agyr ykdysady krisiz bilen ýüzbe-ýüz bolup dur. Munuň hem esasy sebäbi ýurduň gazdan gelýän girdejä garaşlydygy.

Ýene bir sebäbi, gazyň bahasynyň soňky üç ýyllykda ep-esli aşaklandygy. Ýöne munda Orsýetiň türkmen gazyny import etmek boýunça baglaşylan geleşigi 2016-njy ýyldan başlap ýatyrandygynyň, şeýle hem Türkmenistanyň şertnama barada oňşuksyzlyk sebäpli 2017-nji ýylyň başynda Eýrana berýän gazyny kesmeginiň hem paýy bar.

Häzir Türkmenistanyň gazynyň ýeke-täk müşderisi Hytaý. Üç gaz geçiriji Türkmenistandan Hytaýa gaz akdyrýar. “A” we “B” liniýalarynyň her biri 15 milliard kub metr akdyryp bilýär. “C” liniýasynyň akdyrýany bolsa 25 milliard kub metre barabar. Şeýlelikde, liniýalaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanylmasa-da, Hytaýa ýylda 55 milliard kub metr gaz gidýär.

Bu liniýalaryň üçüsi-de Özbegistan bilen Gazagystandan geçýär. Bularyň hem özleri gaz öndürýän ýurtlar, ikisiniň-de şu liniýalary 10 milliard kub metr gaz bilen üpjün etmek boýunça şertnamasy bar. Galyberse-de, Gazagystan Hytaýa köpräk gaz eksport etmek isleýändigini duýdurdy.

Onsoň üç liniýada Türkmenistana 35 milliard kub metr gaz üçin ýer galýar.

Türkmenistanyň gaz senagaty barada ynamdar maglumatlary tapmak aňsat däl. Onuň 2016-nji ýylda Hytaýa eksport eden gazynyň mukdary 30 milliard kub metr çemesi diýlip çaklanýar. Eger bu dogry bolsa, onda liniýalarda artykmaç ýer köp däl. “D” liniýasynyň gurluşygynyň yza süýşürilendigini nazar alanyňda, onda Türkmenistanyň öňümizdäki ýyllarda gaz eksportyny 5 milliard kub metrden köp artdyraryn diýen umydy bolmaly däl.

Hytaýyň her 1000 kub metr gaz üçin Türkmenistana töleýäni 185 dollar töweregi diýilýär. Diýmek, Türkmenistan goşmaça 5 milliard kub metr gaz akdyraýanda-da, onuň alýany ýylda bir milliard dollara-da doly baranok. Barha aşaklaýan ykdysadyýete munuň kömegi deger, ýöne ony dikeldip bilmez.

Baha urşy?

Ýagdaý has-da ýaramazlaşýar. Hytaý gaz ýataklaryny özleşdirmek we gaz geçirijilerini gurmak üçin, Türkmenistana milliardlarça dollar karz pul berdi. Şol sebäpden Türkmenistanyň Hytaýa akdyrýan gazynyň bir bölegi bergä gidýär.

Galyberse-de, Orsýet türkmen gazyny almak baradaky şertnamany ýatyranyndan soňra, gaz läheňi “Gazprom” ylalaşmak üçin Gazagystan we Özbegistan bilen täzeden gepleşik geçirdi. Golaýda Orsýetiň “Life News” neşirinde ýerleşdirilen bir makalada aýdylmagyna görä, Gazprom Gazagystan we Özbegistan bilen her 1000 kub metr gaza 140 dollar töweregi diýip ylalaşypdyr. Makalada Gazprom Türkmenistan bilen bolan şertnamany ýatyrdy, sebäbi Aşgabat her 1000 kub metre 240 dollar talap etdi diýilýär.

Şol sebäpden Türkmenistanyň Hytaýy gaz bilen üpjün etmekde özüniň Merkezi Aziýadaky goňşulary bilen baha urşuna girmegi ähtimal.

Berdimuhamedow ýygy-ýygydan Türkmenistany mundan beýläk-de baýlaşdyrjak proýektleriň gürrüňini edýär. Bularyň biri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TAPI) gaz geçirijisi. Bu geçiriji 33 milliard kub metr türkmen gazyny akdyrar. Bu barada entek subutnama bolmasa-da, Türkmenistan TAPI-niň özüne düşýän böleginiň gurluşygyna eýýäm başlandygyny aýdýar. Pakistan hem martyň başynda öz bölegine başlandygyny aýtdy.

Bularyň aralygynda bolsa 700 kilometr çemesi owgan territoriýasy ýatyr. Liniýanyň geçmeli ýeri hem ýygy-ýygydan gazaply söweşleriň turýan sebiti.

Berdimuhamedow TAPI-niň gurluşygy 2019-njy ýyla çenli tamamlanar diýip welilik satýar. Ýöne ýanwaryň aýagynda Pakistan bu proýektiň azyndan bir ýyl gijikjekdigini aýtdy. Özi-de has hoşniýetli çaklamalara görä.

Indi Trans-Hazar geçirijisiniň gürrüňini edýän ýok. Ol 30 milliard kub metr türkmen gazyny Ýewropa akdyrar diýilip çaklanýardy.

Eýran gazynyň ugruny üýtgedýär

Türkmenistanyň ýakyn müşderisi Eýrany elden beren bolmagy mümkin. Gyş aýaklap gelýär. Türkmen gazy kesileli bäri Eýran resmileri ençeme hepdeläp içki elektrik üpjünçiliginiň ugruny üýtgetmek bilen meşgullandylar. Ýurduň ozal türkmen gazyny sarp edýän demirgazyk sebitlerine günorta Eýrandan gaz akdyrmak boýunça geçiriji gurluşygy çaltlandyryldy. Şol sebäpden türkmen gazynyň geljek gyş Eýrana gerek bolmazlygy ähtimal.

Onsoň Türkmenistana Hytaýa gidýän liniýalarda 35 milliard kub metrlik ýer galýar. Munuň bir bölegi hem bergä gidýär.

Gaz eksporty üçin geljek onýyllykda gurulmagy mümkin başga proýekt ýok.

2030-njy ýyla çenli 180 milliard kub metr eksporty diýip, sanlyja ýyl mundan ozal gabaryp gürlän Berdimuhamedow üçin uly lapykeçlik!

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.