Berdimuhamedow sapara gelen Mirziýoýew bilen özbekçe gepleşdi

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana saparynyň ikinji gününde Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demirýol we awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmen mediasy türkmen we özbek prezidentleriniň derýanyň sag kenaryna, şu gün täze demirýol geçelgesiniň ulanmaga berlen ýerine gelendiklerini we olaryň müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda, aýdym-sazly dabara bilen garşy alnandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy martda, prezident Mirziýoýewiň saparynyň ilkinji gününde, Aşgabatda çykyş edip, ony «taryhy sapar» hökmünde häsiýetlendirdi. Prezidentler bilelikdäki beýannama we Türkmenistan bilen Özbegistan respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler.

Şawkat Mirziýoýew Türkmenabat-Farap köprülerini gadymy ýüpek ýolunyň dikeldilmegi diýip atlandyrdy we bu transport geçelgesiniňdiňe bir tutuş regionyň ykdysadyýetini berkitmän, eýsem dünýä ykdysadyýetini hem berkitjekdigini aýtdy.

Mundanam başga, özbek lideri türkmen kärdeşine Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Kerimowyň Türkmenabatda açylýan ilkinji ýadygärligi, onuň ady dakylan uly köçe üçin hem öz adyndan, hem özbek halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Mirziýoýew Yslam Kerimowa edilen hormat-sylagyň özbek halkyna edilen sylagdygyny belläp, munuň «iki halky ýakynlaşdyrýandygyny», «olaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrýandygyny» aýtdy.

Türkmen telewideniýesi özbek liderine saýlama ahal-teke atlarynyň we at üstündäki oýunlaryň görkezildendigini, şeýle-de türkmen halkyndan özbek halkyna Meleguş atly bedewiň sowgat berlendigini habar berýär.

Özbek prezidenti bolsa öz gezeginde türkmen kärdeşine türkmenleriň milli şahyry Magtymguly Pyragynyň türkmen dilinde, «Iliňe bagş eýle» diýen at bilen Daşkentde ýörite çap edilen goşgular ýygyndysyny sowgat berip, Magtymgulydan goşgy setirini ýatdan bilmeýän özbegiň ýokdugyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Daşkentde indi Alyşir Nowaýynyň adyny göterýän köçe bilen bir hatarda Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän uly köçe hem bar.

Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň maglumatyna görä, prezidentleriň ikiçäk gepleşiginde Berdimuhamedow arassa özbekçe gürläp, ýene bir talantyny, goňşy halkyň dilini hem gowy bilýändigini görkezipdir.

Iki goňşy ýurduň prezidentleriniň saparyň ilkinji gününde eden çykyşlarynda olaryň regional we halkara meseleleri babatdaky pozisiýalarynyň örän meňzeşdigi, Owganystan meselesiniň güýç bilen däl-de, diňe syýasy gepleşikler esasynda çözülmegini we halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda hem BMG-niň we ÝHHG-nyň çägindäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi goldaýandyklary nygtaldy.

Şeýle-de gepleşiklerde dünýäde agyr ykdysady krizisiň dowam edýän wagtynda iki ýurduň arasyndaky –söwda-haryt dolanyşygynyň ösýändigi bellenip, ekologiýa, Aral problemalaryny bilelikde çözmek, çölleşmä garşy göreş we suwy tygşytly ulanmak meselelerindäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmeklige ikitaraplaýyn goldaw bildirildi.

Saparyň gönümel netijesi barada aýdylanda, Türkmenabat-Farap köprüleriniň açylyşyndan başga, türkmen we özbek kärhanalarynyň arasynda bir topar söwda şertnamasyna gol çekildi, iki ýurduň DIM-leriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamynda 2017-2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna we beýleki ylalaşyklara gol çekildi.

Özbegistanyň prezidentiniň Türkmenistana sapar etjekdigi baradaky habaryň ilki mälim bolan günlerinden iki ýurduň serhetýaka etraplarynda ýaşaýan ilat üçin öňden gelýän, emma soňky ýyllarda ýapylan ýeňilleşdirilen serhetaşyr gatnaşygynyň dikeldiljekdigi hakynda hem habarlar ýaýrady. Emma resmi Aşgabat bu habarlary ne tassyklady, ne-de ret etdi.

Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň ýerli çeşmeleri özbek tarapynyň hakykatdanam wizasyz gatnaşyk üçin serhedi açandygyny, emma muňa garamazdan, türkmen serhediniň ýapyk galandygyny aýtdylar.

Özbegistanyň prezidenti Aşgabatda eden çykyşynda iki tarapyň arasynda ylalaşylmaýan hiç bir meseläniň ýokdugyny belläp, iki goňşy döwletiň territoriýalarynda ýaşaýan türkmen we özbek diasporalaryna, olaryň dillerini we däp-dessurlaryna saklamaklaryna amatly şert döretmek barada hem durup geçdi.

Türkmen telewideniýesi taraplaryň iki döwletiň territoriýasynda kowçum bolup ýaşaýan türkmen we özbek ilatynyň ene dilini, milli medeniýetini we däplerini gorap saklamak üçin amatly ýagdaýlary döretjekdigini habar berýär.

Emma hukuk goraýjylar Türkmenistanda etniki özbekleriň diliniň we däpleriniň gysylýandygyny aýdýarlar.