Ýewropa Bileleşigi Saparmämmet Nepesgulyýewiň azat edilmegine çagyrýar

Azatlyk radiosynyň ştatdan daşary habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew

Ýewropa Bileleşigi türkmen häkimiýetlerini Azatlyk radiosynyň ştatdan daşary habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewi tussaglykdan boşatmaga çagyrdy.

«Gündogar» saýtynyň çap eden habaryna görä, ÝB 2-nji martda, ÝHHG-nyň Hemişelik geňeşiniň mejlisinde AÝ/AR-nyň Türkmen gullugynyň habarçysy bolup işlänwe galplaşdyrylan jenaýat işi esasynda azatlykdan mahrum edilen garaşsyz žurnalist barada beýanat etdi.

Ýewropa Bileleşigi eýýäm 20 aý çemesi wagt bäri tussaglykda saklanylýan žurnalistiň saglyk ýagdaýy barada alada bildirdi we türkmen häkimiýetleriniňony haýal etmezden azatlyga goýbermegini talap etdi.

«Biz Türkmenistany ÝHHG-nyň we beýleki halkara guramalarynyň öňünde pikir aýtmak we metbugat azatlygy hakynda öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirmegine çagyrýarys. Resmi pikir-garaýyşdan tapawutlyly pikirleri üçin yzarlanýan şahsyň garşysyna açylan jenaýat işiniň ýapylmagy bu meselede möhüm ädim bolardy» diýip, ÝB-niň beýanatynda aýdylýar.

Şol bir wagtda, ÝB Türkmenistana özüniň Merkezi Aziýa regionyndaky esasy hyzmatdaşy hökmünde garaýandygyny aýdyp, resmi Aşgabat bilen gepleşikleri, şol sanda adam hukuklarynyňýagdaýyny maslahatlaşmagy dowam etdirmäge taýýardygyny nygtaýar diýip, habarda aýdylýar.

Bu beýanat Azatlyk radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň azat edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Ejesi Gurbantäç Arazmädowa bilen nas saklamak aýyplamalary esasynda tussag edilen Allaşow, 15-nji fewralda, Türkmenistanyň12-nji fewralda geçirilen prezident saýlawlarynyň yz ýanyndasuduň zalyndan azatlyga goýberildi.

Ynamdar çeşmeden gelen habara görä, Hudaýberdi Allaşow we onuň ejesi şertli üç ýyl tussaglyga höküm edilipdir. Şol bir wagtda onuň berk gözegçilik astynda saklanylýandygy, häkimiýetleriň žurnalisti öz işini dowam etdirmek mümkinçiliginden kesendigi çak edilýär.

Azatlyk radiosyndan başga «Türkmenistanyň Alternatiw habarlary» proekti bilen hem hyzmatdaşlyk eden S.Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň awgustynda tussag edildi we HRW, AI, "Serhetsiz reportýorlar"... ýaly halkara guramalary onuň galplaşdyrylan neşe aýyplamasy esasynda bikanun sud edilendigini aýtdylar.

BMG-nyň eden-etdilikli tussag etmeler boýunça işçi topary S.Nepesgulyýewiň öz pikirini parahatçylykly ýagdaýda aýtmak hukugyny ulanandygy sebäpli bikanun tussag edilendigini aýtdy we onuň derhal azat edilmegine çagyrdy.

Emma Türkmenistan žurnalistiň azat edilmegi baradaky çagyryşlara şu wagta çenli baş galdyrman gelýär.

Geçen ýylyň noýabrynda, resmi Aşgabat BMG-nyň Adam gynamalaryna garşy komitetinde 1999-njy ýyldan bäri ikinji gezek hasabat berende hem S.Nepesgulyýewiň ykbaly barada berlen anyk soraglary jogapsyz galdyrdy.

Türkmenistanda garaşsyz, şol sanda daşary ýurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edýän žurnalistler we raýat aktiwistleri, türkmen kanunçylygynyň pikir we söz azatlygyny kepillendirýändigine garamazdan,ýurt garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri yzarlanyp gelýär.

25 ýyl bäri dowam edýän ýanamalaryň çäginde Saparmyrat Owezberdiýew, Rahym Esenow, Halmyrat Gylyçdurdyýew, Gurbandurdy Durdygulyýew, Amangelen Şapudakow, Sazak Durdymyradow, Kakabaý Tejenow ýaly öz pikirini parahatçylykly aýtmak hukugyny peýdalanan ýaşuly adamlar hem tussaghana ýa ruhy hassahana salyndy we yzygiderli gorkuzmalara sezewar edildi.

Şol bir wagtda, Azatlygyň ozalky tussag edilen žurnalistleriniň tejribesinden görnüşi ýaly, häkimiýetler olary nähili jenaýatda aýyplap tussag etse-de, ahyrynda olardan edilýän esasy talap ýa haýyş hemişe daşary ýurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlygy bes etmäge syrygýar.

Türkmenistan geçen ýyl «Serhetsiz reportýorlar» guramasynyň metbugat azatlygy indeksinde 180 ýurduň arasynda 178-nji orny aldy we prezident Berdimuhamedow bu gurama tarapyndan «internetiň duşmany» diýlip yglan edildi.